Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň her bir güni beýik ösüşlere, şanly wakalara beslenýär. Konstitusiýanyň kadalary, Türkmenistanyň kanunlary arkaly adam hukuklary goralýan hem-de kepillendirilýän demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolan ýurdumyzda ösüşiň täze tapgyrynda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar.
Mundan 33 ýyl ozal gadymy türkmen halkynyň erk-islegi amala aşyrylyp, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Konstitusion kanun kabul edildi. Öz Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri ýurdumyz ösüşlerden-ösüşlere tarap ynamly öňe barýar, durmuş-ykdysady maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, döwlet dolandyryşy kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda yzygiderli amala aşyrylan konstitusion özgertmeler adamyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramakda, ilatyň dürli gatlaklaryny döwletiň işlerini dolandyrmaga çekmekde möhüm ähmiýete eýedir. Garaşsyzlyk bize ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet gurmak baradaky arzuwlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berdi. Şu döwürde demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň berk binýady tutuldy. Halkymyzyň aňynda, medeni hem-de ruhy durmuşynda uly öwrülişikler bolup, täze jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ulgamy kemala geldi. Garaşsyzlygymyz halkymyzyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklaryny, nesilden-nesle geçip gelýän ynsanperwer däplerini dikeltmäge mümkinçilik berdi. Şu geçen ýyllarda ýurdumyzda azyk garaşsyzlygy we howpsuzlygy üpjün edildi, kämil döwlet dolandyryş edaralary döredildi. Döwlet, jemgyýetçilik durmuşyna demokratik ýörelgeler tapgyrma-tapgyr ornaşdyryldy.
Ýurdumyzyň hukuk ulgamyny kämilleşdirmekde öňe sürülýän esasy maksat döwletiň we jemgyýetiň, her bir şahsyýetiň bähbitleriniň sazlaşygyna gönükdirilen kanunlary işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýän syýasatyň baş maksady ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmekde, kanun çykaryjylygyň iň oňat dünýä tejribesini milli kanunçylyga ornaşdyrmakda, zerur çözgütler esasynda jemgyýetçilik we döwlet durmuşy bilen dahylly meselelerde ýardam bermekde, durnukly syýasy institutlary döretmekde jemlenýär.
Ýurdumyzyň Konstitusiýasy döwletiň Esasy Kanunydyr. Konstitusiýada döwletiň hukuk ýagdaýynyň kesgitlemesi we ösüşiniň esasy ugurlary beýan edilýär. Şeýle hem raýatlaryň saglyga, zähmete, bilime, ylma, saýlamaga we saýlanmaga bolan hukuklary kepillendirilýär.
Konstitusiýa döwletiň hereket edýän kanunçylygynyň esas goýujy binýadydyr. Ol döwletimiziň esasy syýasy-hukuk resminamasy bolup, onda adam hukuklary, azatlyklary we borçlary, hukuk ulgamynyň ýörelgeleri kesgitlenilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy kanunyň rüstemligini ykrar etmek bilen, hemmeleriň kanunyň öňünde deňdigini, jemgyýetiň gymmatly hazynasynyň adamdygyny, raýatyň abraýyny, mertebesini we azatlygyny döwletiň goraýandygyny beýan edýär. Şeýle hem onda her bir raýatyň kanunlardan gelip çykýan borçlaryny ýerine ýetirmekde döwletiň öňünde jogapkärdigi görkezilýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy kadalaşdyryjy hukuknamalar ulgamynda, hukuk taýdan iň ýokary güýje eýedir.
2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda «Türkmenistanyň Zähmet Kodeksine üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanuna laýyklykda, her ýylyň
18-nji maýy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni diýlip yglan edildi.
Baýdak döwletiň nyşany, halkyň gadymy däpleriniň, adatlarynyň görkezijisi hasaplanylýar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynda türkmen halkynyň mukaddes ýörelgeleri jemlenendir.
2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda paýtagtymyzda dünýäde iň belent flagştok oturdyldy we ol belentligi bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. 133 metrlik bu flagştokdaky baýdagymyzyň ini 35, boýy 52,5 metre, agramy bolsa 420 kilograma barabardyr. Ýaşyl Tugumyzyň şeýle belentlige galdyrylmagynyň özboluşly manysy bar. Çünki Watanymyz ähli ugurlar boýunça ösüşiň täze belentliklerine galýar. Döwlet baýdagymyzyň iň belent flagştokda pasyrdamagy halkymyzyň buýsanjyny artdyrýar.
Owadan AKYÝEWA,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň hukuk kafedrasynyň uly mugallymy, maýor.