Ýewropa çempionatynda «D» toparçada Fransiýadyr Awstriýanyň hem-de Polşanyň ýygyndylary bilen çykyş etjek Niderlandlaryň düzümi belli boldy. Tälimçi Ronald Kuman düzüme häzirlikçe 30 futbolçy çagyryp, olaryň 4-si çempionatdan öň sanawdan çykarylar. Ronald Kuman düzüme şu möwsüm «Bolonýanyň» düzüminde şowly oýun görkezen ýaş futbolçy Joşua Zirkzeeni almady. Botman, Ýurrien Timber, Stiwen Berguis ýaly oýunçylar hem dürli sebäplerden düzüme çagyrylmady.
Kuman de Ligt, wan Deýk, Ake, Frimpong, Matsen, De Ýong, Gakpo, Weýnaldum, Simons, Malen, Kopmeýners, Reýnders, Depaý, Wegorst ýaly oýunçylary düzüme goşdy.
DERWEZEÇILER
Bart Werbrýuggen («Braýton»), Mark Flekken («Brentford»), Ýustin Beýlo («Feýenoord»), Nik Oleý («Sparta Rotterdam»);
GORAGÇYLAR
Matteýs de Ligt («Bawariýa»), Wirjil wan Deýk («Liwerpul»), Natan Ake («Mançester Siti»), Jeremi Frimpong («Baýer»), Deýli Blind («Žirona»), Stefan de Wreý («Inter»), Lutsharel Gertrýuýda («Feýenoord»), Denzel Dumfris («Inter»), Ian Matsen («Borussiýa Dortmund»), Mikki wan de Wen («Tottenhem»);
ÝARYMGORAGÇYLAR
Jorjino Weýnaldum («Al-Ittifak»), Marten de Ron («Atalanta»), Kodi Gakpo («Liwerpul»), Frenki de Ýong («Barselona»), Hawi Simons («Leipsig»), Ýerdi Shauten (PSW), Teýani Reýnders («Milan»), Doniell Malen («Borussiýa Dortmund»), Ten Kopmeýners («Atalanta»), Kwinten Timber («Feýenoord»), Stewen Bergweýn («Aýaks»), Raýan Grawenberh («Liwerpul»), Ýoeý Werman (PSW);
HÜJÜMÇILER
Memfis Depaý («Atletiko»), Waut Wegorst («Hoffenhaým»), Braýan Brobbi («Aýaks»).