Ispaniýanyň çempionaty “La Ligany” taryhynda ilkinji gezek öňdäki 4-lükde tamamlamaga hukuk gazanan “Žirona” toparynyň UEFA Çempionlar Ligasyna gatnaşmazlygy mümkin. “Mançester Sitiniň” hem eýesi bolan “City Footbal Group” kompaniýasynyň eýeçiligindäki “Žirona” toparynyň Ýewropa Ligasyna ugradylmagy ähtimal. UEFA kompaniýanyň “Žirona” toparyndaky paýnamalaryny azaltmagyny isleýär. Düzgüne görä, bir kompaniýanyň doly ýa-da agramly bölegi eýeçiliginde bolan 2 klub UEFA-nyň hiç bir bäsleşigine bilelikde gatnaşyp bilmez. Kompaniýa “Mançester Siti” toparynyň 100 göterimine, “Žirona” toparynyň bolsa 47 göterime eýeçilik edýär. UEFA-nyň düzgünlerine görä, 2-nji toparyň paýnamasy 30 göterimden ýokary bolmaly däl. Şol sebäpli UEFA bu meseläni haýal etmän aýdyňlaşdyrmak üçin kluba duýduryş hatyny iberdi.

Ýöne kompaniýanyň “Žironadaky” paýnamalaryny azaltmakdan ýa-da ispan klubuny Ýewropa Ligasyna ugradylmagyndan başga çykalga hem bar. Kompaniýanyň “Žironadaky” paýnamalarynyň ählisiniň UEFA-nyň gözegçilik edýän haýyr-sahawat guramalarynyň birine diňe bir möwsümlik geçirilen ýagdaýynda meseläniň wagtlaýynça hem bolsa çözgüt tapjakdygy bellenilýär. Şeýle şertnamanyň geçen möwsümde UEFA Ýewropa Ligasynda “Milan” hem-de “Tuluza” toparlarynyň eýeçilik edýän “RedBird Capital” kompaniýasy bilen baglaşylandygy mysal berilýär.