Braziliýaly grafika dizaýneri Sisero Morais Gadymy Müsüriň iň meşhur faraonlarynyň biri bolan Amenhotep III-iň ýüz keşbini döretdi. Morais halkara alymlar topary bilen bilelikde faraonyň kelle çanagyndan alnan maglumatlary ulanyp, onuň ýüz keşbini döretmegiň hötdesinden geldi. Amenhotep III (miladydan öň 1400–1351-nji ýyllar) takmynan, 3400 ýyl ozal Müsüri dolandyrypdyr. Ol faraon Ehnatonyň kakasy we kuwwatly Tutanhamonyň atasydyr.