ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Tramp ähli möhüm ştatlarda geçirilen pikir soralyşyklarda häzirki Prezident Jazef Baýdenden ynamly öňde barýar. Bu barada “The New York Times” gazeti habar berdi.
Gazet beýleki neşirler bilen birlikde Pensilwaniýa, Arizona, Jorjiýa, Miçigan, Newada we Wiskonsin ştatlarynda sosiologik barlag geçirdi. Bu ştatlar “ikirjiňlenýän” ştatlar hasaplanýar, çünki saýlawlarda olaryň goldawy demokratlardan respublikanlara geçip, saýlawlaryň umumy netijelerine täsir edip biler.
Pikir soralyşyklara görä, eger-de şu gün Prezident saýlawlary geçirilse, bu ştatlardaky saýlawçylar Baýdene 33 göterim, Trampa bolsa, 48 göterim ses bererdi. Saýlawçylaryň 10 göterimi bolsa, Robert Kennedi – kiçä ses bererdiler.
Saýlawlar diňe Baýden bilen Trampyň arasynda bolan bolsa, saýlawçylaryň 42 göterimi Baýdene, 48 göterimi bolsa, Trampa ses bererdi. Güýzde geçirilen şuňa meňzeş pikir soralyşykda pikiri soralanlaryň 44 göteriminiň Baýdeni, 48 göteriminiň bolsa, Trampy goldaýandygyny mälim edipdi.
ABŞ-da geçiriljek Prezident saýlawlary şu ýylyň 5-nji noýabrynda meýilleşdirilýär.