Eýranyň birinji wise-prezidenti Muhammet Mohber, ýurduň Konstitusiýasyna laýyklykda, dikuçar heläkçiliginde aradan çykan Prezident Ebrahim Raisiniň wezipesini täze Prezident saýlawlaryna çenli 50 günüň dowamynda öz üstüne alar. Bu barada IRNA habarlar agentligi habar berýär.
“Birinji wise-prezident, Eýranyň Konstitusiýasynyň 131-nji maddasyna laýyklykda, Prezidentiň wezipesini öz üstüne alýar, kanun çykaryjy we kazyýet häkimiýetiniň ýolbaşçylaryndan we wise-prezidentden ybarat geňeş 50 günüň içinde täze Prezidentiň saýlanmagyny gurnamalydyr” diýlip beýanatda bellenilýär.
Şeýle-de Prezident saýlawlarynyň iýun-iýul aýlarynda bolup biljekdigi bellenilýär.
Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisini, daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahiýany we beýleki işgärleri alyp barýan dikuçar 19-njy maýda ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Werzegan sebitinde heläkçilige uçrady. Wekiliýet Gyz Galasy suw toplumynyň açylyş dabarasyna we serhetýaka Araz derýasyndaky Hudaferin suw toplumynyň işe girizilmegine gatnaşandan soň, yzyna dolanyp gelýärdi.
20-nji maýda irden Eýranyň wise-prezidenti Mohsen Mansuri Prezidentiň we onuň ýanyndaky wekiliýetiniň dikuçar heläkçiliginde aradan çykandygy baradaky habarlary tassyklady.
Esasy Dünýä täzelikleri Eýranyň birinji wise-prezidenti saýlawlara çenli Prezidentiň wezipesini ýerine ýetirer