Häzirki zaman batareýalarynyň islendigi şeýle çydamlylyga bäsdeşmekligi mümkin. Ýöne muňa garamazdan, geçirilýän synaglar doly derejede tamamlanýança, bu batareýanyň uzak wagtlap işlemeginiň syryny açyklap bolmaz. 1840-njy ýyldan bäri işleýän we dünýäniň iň uzak wagtlyk ylmy barlagy hasaplanýan Oksford elektrik jaňy inçe ses tolkunlaryny bölüp çykarmak bilen sesiň beýikliginiň ýetmezçiligi esasynda onuň batareýasynyň ömri kesgitlenilýär. Onuň 180 ýyldan bäri işini uzak wagt dowam etdirmegi bolsa heniz hem syr bolmagynda galýar. Beýik Britaniýanyň Oksford uniwersitetiniň professory Robert Walker bu jaňy 1840-njy ýylda satyn alyp, ony şondan bäri hem uniwersitetiň Klarendon laboratoriýasynda iki gatdan ybarat bolan aýna gapda saklaýar. Bu jaňyň 180 ýyldan gowrak wagt bäri hereketini dowam etmeginiň sebäpleriniň biri hem onuň köp energiýa talap ýa-da sarp etmeýändiginde bolup, enjam hereket edende, kiçijik gurşun jaňy gapdalyndaky iki jaňa degýär we öz-özüne hemişe energiýa berýär diýip alymlar pikir edýär. Ýöne batareýanyň içki gurluşyny diňe onuň işini togtadan ýagdaýynda tapyp bolar, bu bolsa iň uzak wagtlyk ylmy synaglaryň birini aradan aýyrýar. Şeýlelikde, batareýanyň iki asyr işlemeginiň syryny diňe onuň içki gurluşyndan anyklamak bolar. Bu syrly batareýa ýene 5-10 ýyl işlär diýip alymlar çaklaýarlar.

Gülşen ÝALKYMOWA, Hojambaz etrabynyň 16-njy orta mekdebiniň başlangyç synp we informatika mugallymy.