Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Saýed Ebrahim Raisiniň dikuçar heläkçiliginde aradan çykmagy zerarly ýurtda 5 günlük ýas yglan edildi. Şeýle hem Liwanyň hökümet başlygy Nejib Mikati ýurtda üç günlük resmi ýas yglan edilendigini we baýdaklaryň ýarysyna çenli aşak düşürilendigini mälim etdi. Köp ýurduň ýolbaşçylary bolsa, Eýranyň ýolbaşçylygyna gynançlaryny bildirdiler.
Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi Eýranyň Prezidentiniň we beýleki döwlet ýolbaşçylarynyň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi.
Eýranyň Beýik ruhy lideriniň bellemegine görä, Eýranyň Prezidentiniň we beýleki jogapkär adamlaryň ýurda we halka hyzmat etmek üçin uly tagalla edendiklerini, Eýranyň gymmatly we wepaly hyzmatkärleri bolandygyny aýtdy.
Ol ýurtda 5 günlük ählumumy ýas yglan edilendigini belläp, ýurduň Konstitusiýasynyň 131-nji maddasyna laýyklykda, ýurduň birinji wise-prezidenti Mohammad Mohberiň täze prezident saýlanýança, ýerini ýetiriji häkimiýete ýolbaşçylyk etjekdigini belledi.
Düýn – 19-njy maýda Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen iki ýurduň serhedindäki suw howdanlarynyň açylyşyna gatnaşandan soňra yzyna dolanýan wagty, dikuçary daglyk ýerde heläkçilige uçrapdy.