19-njy maýda Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen iki ýurduň serhedindäki suw howdanlarynyň açylyşyna gatnaşandan soňra yzyna dolanýan wagty, dikuçary daglyk ýerde heläkçilige uçrapdy. Eýranyň birinji wise-prezidenti Muhammet Mohber Prezidentiň saýlawlara çenli 50 günüň dowamynda wezipesini öz üstüne alandygy mälim edildipdi. Daşary syýasat edarasyna bolsa, daşary işler ministriniň orunbasary Ali Bageri Kani ýerine ýetirer.
Eýranyň Prezidenti döwlet işgäri Seýed Ebrahim Raisi 1960-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Eýranyň Maşat şäherinde dünýä indi. Ol 1975-nji ýylda yslam dininiň şaýy ugrunyň esasy intellektual merkezi bolan Kumdaky seminara girip, meşhur yslam alymlaryndan sapak alýar. Seminar okuwyny tamamlandan soň, hususy hukuk boýunça magistr derejesini alan Ebrahim Raisi soňra Şahid Motahari uniwersitetiniň hukuk boýunça doktorlyk derejesine eýe bolýar.
Raisi 1980-nji ýylda Karaj şäheriniň kazyýet edarasynda işleýär we birnäçe wagtdan soň Karajyň prokurory wezipesine bellenýär. 1982-nji ýylyň tomsunda Hamadan şäheriniň prokurory wezipesine bellenýär we şol bir wagtyň özünde iki şäherde iki wezipäni eýeleýär. 1982-1984-nji ýyllarda Hamadan welaýatynyň prokurory bolup işleýär. 1985-nji ýylda Tähranyň prokurorynyň orunbasary, 1989-1994-nji ýyllarda Tähranyň prokurory wezipesini ýerine ýetirilýär. 1994-2004-nji ýyllarda Eýranyň Baş inspeksiýasynyň başlygy, 2004-2014-nji ýyllarda Eýranyň kazyýet ulgamynyň birinji orunbasary bolup işleýär. 2014-2016-njy ýyllarda Eýranyň Baş prokurory bolýar. 2016-2019-njy ýyllarda Raisi ýurtdaky onlarça guramany we müňlerçe işgäri öz içine alýan birnäçe haýyr-sahawat gaznalaryndan ybarat iň uly “Astan Kods Razawi” holdingine ýolbaşçylyk edýär.
2017-nji ýylyň maý aýynda Ebrahim Raisi Eýranda geçirilen Prezident saýlawlarynda dalaşgär bolýar, ýöne ikinji möhlete saýlanan Hasan Ruhaniden ýeňilýär. 2019-njy ýylda Ebrahim Raisi Eýranyň kazyýet häkimliginiň başlygy wezipesine bellendi.
2021-nji ýylyň maý aýynda Ebrahim Raisi Eýranyň Prezident saýlawlarynda garaşsyz dalaşgär hökmünde dalaşgärligini yglan etdi. Ol saýlawlardan öňki ýüzlenmesinde prezident hökmünde korrupsiýa we garyplyga garşy göreşjekdigini we Eýran raýatlarynyň hukuklaryny gorajakdygyny mälim etdi.
2021-nji ýylyň 18-nji iýunynda Ebrahim Raisi 17,9 million ses bilen Eýranda geçirilen Prezident saýlawynda ýeňiş gazandy.
Ebrahim Raisiniň aýaly Jamilýa Alamolhoda Tähranyň Şahid Beheşti uniwersitetiniň dosenti, şeýle hem Medeniýet ynkylabynyň ýokary geňeşiniň pedagogika komissiýasyna ýolbaşçylyk edýär. Maşgalanyň iki gyzy bar.