Eýranda nobatdan daşary Prezident saýlawlary 28-nji iýunda meýilleşdirilýär. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň saýlaw merkeziniň metbugat sekretary Mohsen Eslami aýtdy.
-28-nji iýunda Eýranyň taryhynda on dördünji Prezident saýlawlary geçiriler – diýip, Mohsen Eslami belledi. Eslami dalaşgärleriň hasaba alynmagynyň 28-nji maýda başlajakdygyny aýtdy.
Eýranda nobatdan daşary Prezident saýlawlary, 19-njy maýda Eýranyň Gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolup geçen dikuçaryň heläkçiliginde Prezident Ebrahim Raisiniň aradan çykmagy bilen baglanyşykly geçiriler. Onuň bilen birlikde daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahian, Gündogar Azerbaýjan welaýatynyň gubernatory Malek Rahmati, Tabriz şäheriniň juma ymamy Muhammet Ali Ale Haşem we Prezidentiň howpsuzlyk gullugynyň başlygy bardy. Dikuçaryň ähli ýolagçylary we uçarmanlary aradan çykdy.
Emele gelen ýagdaýyň sebäplerini derňemek üçin ýörite topar döredildi. Eýranyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji wezipesine Prezidentiň birinji orunbasary Muhammet Mohber, Eýranyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji wezipesine bolsa, ýurduň daşary syýasat edarasynyň başlygynyň orunbasary Ali Bageri Kani bellendi.