Köp adam ýaşyň sandan ybaratdygyny belläp, ýaşyň ulalmagy bilen gözelligiň ýitmejekdigini belleýärler. Bu hemme adama degişli bolmasa-da, 1965-nji ýylda “Älem gözeli” saýlanan tailandly Apasra Hongsakula üçin şeýleräk bolsa gerek. Häzirki wagtda 77 ýaşynda bolan Apasra şeýle bir görünýär welin, ony agtyklary bilen görenler ýanyndaky çaganyň enesi däl-de, ejesidir öýdýärler.

Apasra Hongsakula 1947-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Bankongda dünýä inýär. Orta mekdebiň ýokary synpynda wagty maşgalasy ony iňlis dilini öwrenmegi üçin Malaýziýa gyzlar mekdebine ugradýar. 1964-nji ýylda Tailand gözeli (Miss Thailand) bäsleşiginiň ýeňijisi bolup, gözellik täjini geýýär. Bir ýyldan soňra ABŞ-nyň Florida ştatynyň Maýami Biç şäherinde geçirilen Älem gözeli” bäsleşigine gatnaşyp, ýeňiji bolýar. Şeýlelikde, bu bäsleşikde ýeňiji bolan ilkinji tailandly hem-de ilkinji günorta-gündogar aziýaly bolýar.
Iki çagasy we iki agtygy bolan Apsara juwan görünmegiň syrynyň sagdyn iýmitlenmek, yzygiderli maşk etmek we teniňi Günden goraýan kremlerden peýdalanmakdan ybaratdygyny aýdýar.