Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen daşary işler ministri Raşid Meredow 2024-nji ýylyň 21-nji maýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp, bu ýerde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Saýed Ebrahim Raisi we daşary işler ministri Hoseýin Amir Abdollahianyň hem-de beýleki resmi adamlaryň dikuçar heläkçiliginde aradan çykmagy zerarly geçirilen ýas çäresine gatnaşdy.
Ilçihananyň kabul edişlik zalynda Raşid Meredow ilçihanada döredilen hatyra kitabynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan ýazgy galdyryp, onda aradan çykanlaryň garyndaşlaryna we ýakynlaryna, şeýle hem tutuş Eýranyň halkyna çuňňur gynanjyny bildirdi.