slendik jemgyýetiň ruhy baýlyklarynyň derejesi onuň hereketlendiriji güýjüni ybarat edýän at-abraýly, edermen, pähim-paýhasly ýolbaşçylaryň, alymlaryň, halal zähmet çekmegiň belent nusgasyny görkezip, özgelere görelde bolýan adamlaryň, edebiýat, sungat, medeniýet şahsyýetleriniň bardygy bilen kesgitlenilýär. Şol adamlaryň öz halklarynyň öňündäki belent hyzmatlary-da olaryň döreden ruhy gymmatlyklarynyň soňra tutuş milletiň intellektual derejesine ömürlik dahylly bolup galýandygydyr. Elbetde, beýle belentlik öňýetene ýetdirýän närse däldir. Bu belentlik diňe zehini Hudaýdan berlenleriň müdimilik ornudyr. Islendik jemgyýetçilik, ylym, edebiýat, sungat şahsyýetiniň kemala gelmegi üçin onuň mähriban topragynyň abat, iliniň bagtyýar, ýaşan döwrüniň rowaçly bolmagy hem zerurdyr.
Biziň her birimiz bu oňyn ýagdaýy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň merdana halkymyza bagyş eden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň kalby joşgunly raýatlarymyzyň gündelik çekýän netijeli zähmetiniň netijelerinde, kalplary hyjuwly türgenlerimiziň, talyp ýaşlarymyzyň halkara bäsleşiklerdäki gazanýan uly ýeňişlerinde, ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijiliginde häli-şindi görýäris. Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň, Türkmenistanyň halk ýazyjylary Baýram Jütdiýewiň, Atamyrat Atabaýewiň, Nobatguly Rejebowyň, Täçmämmet Jürdekowyň, Gowşutgeldi Daňatarowyň, Sona Ýazowanyň, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Atajan Taganyň, Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri Agageldi Allanazarowyň, zehinli ýazyjylarymyz Kömek Kulyýewiň, Ahmet Halmyradowyň, Gurbannazar Orazgulyýewiň gündelik metbugatymyzda çap edilýän uly buýsanç bilen ýazylan halypalyk derejesindäki goşgulary, kyssa eserleri ajaýyp döwrümiziň bagtyýarlygynyň waspyny ýetirýär.
Soňky ýyllarda kalplary hyjuwdan doly Kakamyrat Rejebow, Enwer Nyzamow, Seýitmyrat Geldiýew, Mahym Rozyýewa, Ogultäç Oraztaganowa, Gülşirin Hanowa, Leýli Gurbanowa, Aýgül Garaýewa, Laçyn Pürjäýewa, Seýran Seýitmämmedow ýaly zehinli ýaşlaryň uly toparynyň edebiýatymyza gelip goşulmagy iňňän guwandyryjy edebi hadysadyr.
“Ýazyjy-şahyrlar öz döwrüniň gözi-gulagydyr” diýlen hakykat bardyr. Biz munuň hut şeýledigini nusgawy edebiýatymyzyň Andalypdan, Azadydan, Magtymguludan başlanyp, Mollanepesiň, Seýdiniň, Zeliliniň, Keminäniň, Şabendäniň, Mätäjiniň döredijiliginde dowam edýän taryhynda aýdyň görýäris. Merdana halkymyzyň şol döwürlerdäki ýaşaýyş-durmuşy, däp-dessurlary, aň-bilim derejesi bu nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginde juda aýdyň görünýändir.
Milli edebiýatymyzyň taryhynda XVIII asyryň ahyrlaryndan geçen asyryň 50-nji ýyllarynyň başlaryna çenli, has takygy, Mätäjiden Gara Seýitliýewe çenli edebi uly şahsyýetiň bolmandygyny halkymyzyň gün-güzeranynyň 1-nji, 2-nji Jahan uruşlarynyň gazaply ýyllarynda düşen agyr ýagdaýyndan gözlemegimiz gerek.
Geçen asyryň 50-nji ýyllarynyň ahyrlarynda bolsa, zehinli şahyrlar Gara Seýitliýewiň, Rehmet Seýidowyň, Kerim Gurbannepesowyň, Mämmet Seýidowyň, Anna Kowusowyň, Allaberdi Haýydowyň, Ata Atajanowyň, Ýylgaý Durdyýewiň edebiýatymyza gelmegi, olaryň hyjuwly, çuň manyly täzeçe ýaňlanýan eserler döretmegi milli edebiýatymyzy täze basgançaga çykardy.
Şol döwürde ýazyjy-şahyrlar üçin “Edebiýat we sungat” gazetiniň çap edilip başlanmagy (1958-nji ýyl), Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň (1966-njy ýyl), ýaş zehinler üçin her iki ýyldan bir gezek gowşurylýan Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň (1968-nji ýyl) döredilmegi milli edebiýatymyza Gurbannazar Ezizow, Halyl Kulyýew, Gözel Şagulyýewa, Baýram Jütdiýew, Annaberdi Agabaýew, Atajan Tagan, Hojanepes Meläýew, Näzik Annatyýewa, Italmaz Nuryýew, Gowşut Şamyýew, Agageldi Allanazarow, Atamyrat Atabaýew, Nobatguly Rejebow… ýaly milli şygryýetimize, kyssamyza düýbünden täzeçe öwüşgin beren zehinler gelip goşuldylar.
Men ýokarda ady agzalan bu zehinli toparyň agzalarynyň ençemesiniň milli edebiýatymyzy ösdürmäge uly goşant bolan ençeme ilhalar eserleri döredip, häzirki bagtyýar günlerimizde Arkadag Prezidentimiziň merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň derejesine çykarmakda bitiren ajaýyp işleriniň waspyny ýetirip ýörendiklerine çäksiz guwanýaryn.
Bagtyýar zamanamyzda halypa hem-de ýaş zehinleriň kalplarynyň hemişe joşup durmagy üçin müňlerçe sebäp bar: ata Watanymyz abat, ilimiz abadan, halkymyz bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Joşara, galama ýapyşara her gün bir täzelik bar.
Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň täzeden açylmagy, onda türkmen edebiýatynyň geçmişini, şu gününi ylmy taýdan öwrenýän institutyň bolmagy, paýtagtymyzyň iň gözel ýerinde geçmiş edebiýatymyza, sungatymyza çäksiz buýsanç hökmünde “Ylham” seýilgähiniň açylyp, meşhur ýazyjy-şahyrlarymyzyň belent başly heýkelleriniň oturdylmagy, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Milli Konserwatoriýanyň, sazçylyk mekdepleriniň, ençeme medeniýet merkezleriniň, muzeýleriň açylmagy, ýokary okuw mekdeplerinde zehinli ýaşlarymyzyň edebiýat, žurnalistika ugrundan bilim alýandygy, edebiýatda, sungatda uly hyzmat görkezen şahsyýetlere “Magtymguly Pyragy” medalynyň gowşurylýandygy, her ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň geçirilip, ýeňijilere altyn zynjyryň, pul baýragynyň berilmegi her bir sungat adamynyň kalbynda döredijilige täzeçe çemeleşmäge uly höwes döredýär.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen geçmiş edebiýatymyzyň uly şahsyýetleriniň döredijiliginiň içgin öwrenilýändigi, olaryň eserleriniň çap edilip, okyjylara ýetirilýändigi hem zehinli ýaşlarymyzyň kemala gelmegine uly täsir edýär.
Men şu ýatlamamda geçen asyr türkmen edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşan meşhur şahyrymyz Gara Seýitliýew hakynda, onuň bilen geçiren duşuşyklarymyz dogrusynda gürrüň beresim geldi.
Uly halypa şahyrymyz Kerim Gurbannepesowyň Gara Seýitliýewiň bir tomluk ýygyndysynyň sözbaşysynda ýazyşy ýaly, “Ony tanamaýan adamlaram onuň bilen bäş minut gürrüňleşenden soň, gürrüňdeşiniň kimdigini şübhesiz anyklap bilýärdiler”.
Ellinji ýyllaryň başlarynda Gara aga tüýs ýüňi ýeten şahyrdy. Onuň gündelik metbugatda häli-şindi peýda bolýan şygyrlary sähel salymdan radioda aýdym, her ýylda geçirilýän festiwallarda labyzly okaýyş bolup ýaňlanýardy.
Gara aga aýdymçy şahyrdy. Onuň Daňatar Öwezow, Weli Muhadow ýaly meşhur kompozitorlar bilen içgin hyzmatdaşlygy “Aşgabat”, “Joş, kanalym”, “Zor oglan”, “Balykçynyň aýdymy”, “Hally gözel”, “Täzegül” ýaly şu günlerem radioda ýaňlananda, kalbyňy heýjana getirýän ajaýyp aýdymlaryň döremegine getirdi.
Mahlasy, ellinji ýyllaryň ortalarynda ol eýýäm biziň şygryýetimiziň hakyky kerwenbaşysydy. Orta mekdebiň sekizinji synpyndan başlap, goşgy ýazyp başlanlygym, olaryň käbirleriniň welaýat, ýaşlar gazetlerinde çap edilenligi üçin men uly halypalaryň goşgularyny yzygiderli okaýardym, ýat tutýardym. Gara aganyň senediniň şeýle belent derejesindekä-de, heniz orta mekdebiň tamamlaýjy synpynda okaýarkam, maňa ýekeje gezek onuň başlyklyk edýän gurultaýyna gatnaşmak, çykyşyny diňlemek miýesser etdi.
Şol mahallar welaýat merkezlerinde Türkmenistanyň Ýazyjylar guramasynyň edebi maslahatçysy işleýärdi. Daşoguz welaýaty boýunça Türkmenistanyň halk ýazyjysy, gaty köpimiziň talapkär halypamyz Hangeldi Garabaýewdi. Daşoguzly ýazyjy-şahyrlaryň Han dädäniň edebi mekdebini geçmedigi, megerem, ýokdur. Ol biçak talapkär adamdy. Welaýatyň içinden ýekeje goşgudyr hekaýa çap etdireniň Han dädäniň “Jübi bloknotyna” ady düşmedigi ýokdy. Ol seni nirede bolsaňam tapyp, yzygiderli işlemegi, gije-gündiz ýazmagy talap ederdi. Han däde “Ýaş şahyr gaty köp goşgyny ýatdan bilmeli” diýip, berk sargardy. Bizem Gara Seýitliýew, Rehmet Seýidow ýaly halypa şahyrlaryň goşgularyny ýatlanymyzy kem görmezdik. Soňra görüp otursak, Hangeldi aganyň özünem edebiýata getiren, welaýat boýunça edebi maslahatçy edip bellän Gara Seýitliýew eken.
Ynha, şeýdip adyna aşyk bolup ýörkäm, Gara agany görmek, söhbetini diňlemek bagty maňa miýesser etdi. Soňra görüp otursam, ýaş ýazyjylary Aşgabada – gurultaýa myhman çagyranam hut onuň özi eken. Şu uly ýygnakda men soňra atly şahyr bolup ýetişen dostum Italmaz Nuryýewe ilkinji gezek duş geldim. 1959-njy ýylyň maý aýynyň 6-synda Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginiň IV gurultaýy çagyryldy. Türkmenistanyň şol mahalky Mejlisiniň jaýynyň uly zalyna ýurdumyzyň belli ýazyjy-şahyrlary ýygnanan eken. Ynha, her gün görsem diýip, arzuw edip ýören halypalarymyz Berdi Kerbabaýew, Beki Seýtäkow, Hydyr Derýaýew, Aman Kekilow, Ata Atajanow, Kerim Gurbannepesow, Gurbandurdy Gurbansähedow, Ata Köpekmergen, Towşan Esenowa… dagy gurultaýyň münberiniň iki ganatyny bezäp otyrlar.
Uzyn boýly, pälwan sypatly, gür gara saçlarynyň gelşikli çowy giň maňlaýyna dökülip duran, diýseň arkaýyn hereketli Gara Seýitliýew gurultaýa başlyklyk edýärdi. Egnine şaplaşyp duran gara penjegi, ak köýnegi, modaly galstugy ony diýseň sypaýy görkezýärdi. Egin-eşiklerinden başlap, onuň ähli hereketlerinde: söz sözleýşinde, ellerini salgaýşynda, käse ýaly gözlerini güldürip, täsin ýylgyryşynda, agras ädimläp ýöreýşinde… agraslyk, medeniýetlilik, kalby giňlik bardy. Gürrüňdeşine juda dykgatly hem mähirlidi.
Gurultaýda Gara aga başda çykyş etdi. Onuň hatda, käbir atly ýazyjylaryňam adyny tutup, tankyt edýäni ýadyma düşýär. Özem pert-pert gürleýärdi.
Gurultaýda Gara aganyň ýerine täze başlyk saýlandy. Köpler muňa gynandy. Ýöne soň görüp otursak, Gara agany Daşary ýurtlar bilen aragatnaşyk saklamak boýunça Türkmenistan jemgyýetiniň başlygy wezipesine geçiren ekenler. Ussat şahyrymyz bu wezipedekä Hindistan, Eýran, Pakistan, Owganystan, Arap ýurtlary ýaly ençeme ýurtlarda saparda bolup, özünde galan täsirler barada ajaýyp goşgular toplumlaryny döretdi. Ol şol ýurtlarda ýaşaýan kärdeşleriniň goşgularyny terjime edip, türkmen okyjylaryna ýetirdi.
Gara şahyryň durmuşyndaky, köplükde özüni alyp barşyndaky bu görenlerimizi aýratyn nygtaýanymyň özüne ýetesi sebäpleri bar: adamyň şahsyýeti uly boldugyça, onuň iş tutumlary hem belent bolýar. Şeýle hem ýazyjynyň ussatlyk derejesi onuň belent şahsyýetini ybarat edýär. Bu iki juda seýrek gabatlaşma Gara aganyň ykbalynda bar ekeni.
Uly zehine baha berlende, adatça, onuň özünden öňki ýazyp, döredip geçenlere garanyňda edebiýata nähili täzelikleri getirendigi göz öňünde tutulýar. Şu jähetden seredeniňde, Gara Seýitliýewiň döredijiligi özboluşly edermenlikdir.
Kerim Gurbannepesow Gara şahyryň “Saýlanan eserleriniň” bir tomlugyna ýazan ajaýyp sözbaşysynda şeýle bir ýagdaýy aýratyn nygtaýar: “Kyrkynjy ýyllaryň şahyrlary-da, ellinji ýyllaryň şahyrlary-da edebiýat meýdanyna şonuň poeziýasyndan ruhlanyp aýak basdylar. Köp şahyrlar onuň täsirine düşdüler, öz goşgularyny raýatlyk, watançylyk, ynsanperwerlik ruhuna ýugurmagy Gara Seýitliden öwrendiler. Söýgi lirikasynyň çeşmesini ondan susdular.”
“Zer gadyryny zergär biler” diýlişi ýaly, Gara Seýitliýewiň türkmen edebiýatyndaky mynasyp ornuny şundan takyk kesgitlemek mümkin däl. Halypasynda şeýle gudraty öz süňňi bilen syzmadyk bolsa, Kerim şahyr bu sözleri şeýle söýünç bilen ýazmazdam.
Gara Seýitliýewiň şahyrana dünýäsine sähelçe aralaşan okyjy onuň juda köp babatlarda öwretmek derejesine çenli galyp bilendigine, onuň poeziýasynyň heniz-henizlerem ruhlandyrmak ukybynyň sähelçe-de kemelmändigine magat göz ýetirerler. Galyberse-de, Gara şahyryň tutuş döredijiligi biziň edebiýatymyzda tä otuzynjy ýyllara çenli dowam eden nusgawy däpleriň döwrüň talaplaryna görä, forma, mazmun babatda täzelenip, dowam etmeginiň takyk mysalydyr. Otuzynjy ýyllaryň ahyrlarynda, kyrkynjy ýyllaryň başlarynda Ata Salyhyň, Durdygylyjyň, Nury Annagylyjyň köplenç wasp ediji, çagyryş häsiýetli goşgulary ürç edilip okalýardy. Beýle goşgularyň öz döwründe möhüm rol oýnandygyna sözümiz ýok. Emma olaryň döredijiligi eýýäm hatly-sowatly, ýokary düşünjeli bolup başlan türkmen okyjylaryny kanagatlandyryp biljek däldi.
Ine, edil şol döwürde-de Baku, Moskwa ýaly uly şäherlerde ýokary mekdepde okap, rus hem Ýewropa, dünýä edebiýatyndan habarly Gara Seýitliýewiň edebiýata gelmegi türkmen şygryýetiniň edebi goruny täze many-mazmun bilen doldurdy.
Şeýlelikde, Kerim halypanyň “Ruhlanyp aýak basdylar, öwrendiler, susup aldylar” diýýänleriniň arasynda, ilki bilen, onuň hut özüni, Mämmet Seýidow, Berdinazar Hudaýnazarow, Ata Atajanow ýaly poeziýamyzda yz galdyran halypalary göz öňüne tutanlygyny aňlamak kyn däl.
Ýeri gelende aýtsak, şygryýetimize Gurbannazar Ezizow, Halyl Kulyýew, Gowşut Şamyýew, Gözel Şagulyýewa, Baýram Jütdiýew, Atamyrat Atabaýew, Nobatguly Rejebow ýaly özleriçe täzelik getiren zehinler hem şu uly nesliň mynasyp dowamydyr.
Gara aganyň öz döwrüniň zehinleri hakda edýän aladalaram çäksizdi. Geçen asyryň ellinji ýyllarynyň ahyrlarynda Garagum derýasynyň gurluşygynyň gidýän mahaly ýaşlar gazetinde Berdinazar Hudaýnazarowyň “Gyzgyn sähra” atly uly göwrümli poýemasy çap edilip başlandy. Gazetiň üç-dört sanyna çenli bu täzeçil ýazylan eseri okan Gara şahyr onuň awtory bilen gyzyklanypdyr. Şol mahallar Berdinazar halypa Atamyrat şäheriniň (şol mahalky Kerkiniň) golaýyndaky Başsakada ýaşaýan eken. Gara aga ýaňy adygyp ugran Berdinazar halypany Aşgabada çagyryp, ony işe ýerleşdiripdir. Ik-üç aý geçip-geçmänkä-de Ýazyjylar birleşiginiň hasabyna oňa Botanika bagynyň öňünde salnan täze jaýdan iki otagly jaý alyp beripdir.
Gurbannazar Ezizow şygryýete rifmaly goşgy ýazmagyň tärlerini getirjek bolup:
Şemala tutulýar arryk peteke,
Yzda galdy Artyk bilen Repetek
– diýip, ýörkä Türkmenistanyň medeniýet ministri wezipesinde işläp ýören Gara agamyz Kerim Gurbannepesowa jaň edip, ony ýekşenbe güni agşamaralar myhmançylyga çagyrýandygyny, ýany bilenem täzelik gözleýäni üçin Gurbannazary hem alyp gelmegi sargapdyr. Nahardan soň, adatça bolşy ýaly, üç zehiniň arasynda şygryýet barada gürrüňdeşlik başlanypdyr.
Gara şahyr Gurbannazara ýüzlenip:
– Seniň zehinlidigiňe sözüm ýok. Ýöne sen okyjynyň öwrenişip giden usuly – kapiýalaşdyrmak bilenem gowy goşgular ýazýaň-a, tankyt ýassygy bolup ýörmän, senem il ýaly, kapiýalaşdyryp ýazyber-dä! – diýipdir.
Gurbannazar oturan otagynyň äpişgesinden bir minutlykça daşaryny synlap:
Göz waspyn sözlände Gara Seýitli,
Gün daga duwlandy garasy ýitdi.
Ýeri, şu iki setirdäki rifmalaryň kapiýadan kem ýeri barmy? – diýip sorapdyr.
Gara halypa ýerinden turup, Gurbannazaryň elini mähir bilen gysyp durşuna, Kerim aga ýüzlenipdir:
– Kerim, şuňa “Halalyň bolsun, bileniňden galma” diýäýeli-le, bu bizden uzagraga seredýän ýaly-la – diýipdir.
Elbetde, meniň bu ýazgylarym Gara Seýitliýewiň tutuş döredijiliginiň hatda, iň bärkisi onuň, şahyrana dünýäsiniňem edebi derňewi däl. Beýle uly wezipä diňe bu ugurdan ençeme ýyllap çorba sowadyp ýören alymlar hötde gelip bilerdiler.
Häzirlikçe bolsa, Gara aganyň türkmen edebiýatynyň öňündäki belent hyzmatlarynyň: şygryň analitik pähim-paýhas ýüküni has-da agraltmak, şygyr sungatyna akgynly lirikany batyrgaýlyk bilen getirmek, şygryň äheňine uruşda ýeňip üstün çykan, parahatçylykda dem alýan halkyň şadyýan keýpini girizmek, şygyr sungatynyň asyrlarça dowam eden beýan ediş usullaryny häzirki zamanyň pähim-paýhas giňligine görä täzelemek… ýaly, ençeme edermenliklerden ybaratdygyny aýdasym gelýär.
(Dowamy bar).
Hudaýberdi Diwangulyýew, Türkmenistanyň halk ýazyjysy.