Irlandiýa we Ispaniýa hem Norwegiýa eýerip, Palestinany garaşsyz döwlet hökmünde resmi taýdan ykrar edýändiklerini mälim etdiler. Bu barada TASS habarlar gullugy habar edýär.
Ispaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançes 22-nji maýda Madriddäki Wekiller kongresinde (parlamentiň aşaky palatasy) çykyş edip, Patyşalygyň Palestina döwletini ykrar edýändigini mälim etdi. Ispaniýanyň Ministrler Geňeşi bu karary 28-nji maýda resmi taýdan tassyklar.
Irlandiýanyň Premýer-ministri Saýmon Harris 22-nji maýda Dublinde geçirilen metbugat ýygnagynda öz ýurdunyň Palestinany garaşsyz döwlet hökmünde ykrar edýändigini mälim etdi.
-Şu gün Norwegiýa we Ispaniýa bilen bilelikde äden ädimimiz Palestinanyň döwletlilik hukugyny güýçlendirýär – diýip, Irlandiýanyň hökümet Başlygy belledi.
-Bu ädim, iki halk üçin iki döwletiň ýörelgesine esaslanýan çözgüt üçin şertsiz goldawyň tassyklamasydyr– diýip, Harris belledi.
Mundan öň Norwegiýa Palestinanyň döwlet hökmünde ykrar edilendigini resmi taýdan yglan etdi. Skandinaw döwletiniň Premýer-ministri Ýonas Gar Stýore palestinalylaryň öz döwletlerine garaşsyz bolmak hukugynyň bardygyny aýtdy. – Palestina bilen Ysraýylyň arasyndaky territorial çäk, 1967-nji ýylyň 4-nji iýunyndan öň kesgitlenen serhetlere esaslanmalydyr – diýip, ol belledi. Bu karar 2024-nji ýylyň 28-nji maýynda resmi taýdan güýje girer.