“Honda” kompaniýasy 2050-nji ýyla çenli “uglerod bitaraplygyna” ýetmek üçin elektroulag tehnologiýasyna 10 trillion ýenlik (65 milliard dollar) maýa goýum goýar. Ýapon kompaniýasy bu mesele bagyşlanan halkara çäre geçirdi. “Honda” bu maksada ýetmek üçin üç ugur saýlap alypdyr – diňe öz brendi (ady) bilen satyljak elektroulaglar, batareýa esaslanýan elektroulag “zynjyrynyň” döredilmegi hem-de elektroulag önümçilik tehnologiýalaryň we desgalaryň kämilleşdirilmegi. Bu maksatnamanyň çäklerinde täze nesil zawodlar ulgamy we täze ulaglaryň dizaýny üçin 6 trillion yen, programma üpjünçiligine 2 trillion ýen we batareýa önümçiligine 2 trillion ýen maýa goýum gönükdiriler. Kompaniýa bu maýa goýumlaryň durmuşa geçirilmegi bilen batareýanyň özüne düşýän bahasyny 20 göterim, elektroulag önümçiliginiň özüne düşýän bahasyny 35 göterim azaltmagy maksat edinýär.
“Honda”-nyň ýolbaşçylary 2030-njy ýyldan başlap, dünýäde öndürilýän 40 göteriminiň elektroulaglardan we gibrid ulaglardan ybarat boljakdygyny çaklaýar. Kompaniýa şol wagta çenli elektroulag önümçiligini ýylda 2 milliondan geçirmegi göz öňünde tutýar.
Şeýle hem kompaniýa 2040-njy ýyla çenli içinden otlanýan ulaglaryň önümçiligini dolulygyna ýatyrmagy maksat edinýär.

Gurbanbibi Seýitgylyjowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.