1844-nji ýylyň 24-nji maýynda ABŞ-ly oýlap tapyjy Samuel Morze ABŞ-nyň senatlarynyň gatnaşmagynda synag maksady bilen Kapotoliden (ABŞ-nyň Kongressiniň jaýy) Baltimordaky otly duralgalarynyň birine öz açyşy bolan “Morze” elipbiýinde ýazylan ilkinji haty elektrik telegrafy arkaly iberdi. Morzeniň apparaty hem diýilýän bu usulda gysga habar nokatdan nokada ulgam bolup, geçen asyryň ortalaryna çenli ulanyldy.