Hytaýda geçirilýän festiwalyň çäklerinde düýeleriň hereketini düzgünleşdirmek maksady bilen ýolyşyk goýuldy. Ýolyşyklar Gansu welaýatynda gurnaldy. Her ýyl maý aýynyň başynda çölde geçirilýän baýramçylyk sebäpli ol ýere müňlerçe adam gelýär. Festiwala gatnaşmak üçin gelen myhmanlaryň esasy güýmenjeleriniň biri bolsa, düýä münüp görmek we gezelenç etmek bolýar. Bu bolsa, bir wagtda ýüzlerçe düýäniň bir ýoldan hereket etmegine we dyknyşygyň emele gelmegine getirýär. Ýerli häkimiýetler haýwanlaryň we düýelileriň hereketini düzgünleşdirmek üçin ýolyşyk goýmagy makul bilipdirler. Guramaçylar festiwal döwründe emele gelen düýeleriň dyknyşygyny çözmekde ýolyşyklaryň gowy netije berendigini belleýärler. Indi birnäçe ýyldan bäri festiwalyň çäginde ýolyşyklar oturdylýar. Şeýle-de bolsa, bu ýere gelen syýahatçylaryň köpüsi düýelere niýetlenen ýolyşygy ilkinji gezek görýandiklerini belleýärler.

Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-niň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.