Aşgabat şäheriniň gününde paýtagtymyzyň Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda işewürlik maksatly binalaryň 8-si açylyp ulanmaga berildi. Bu waka mynasybetli geçirilen dabara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, il sylagly ýaşulular, eneler, başga-da köp sanly adamlar gatnaşdylar.
Täze binalaryň gurluşygy ýurdumyzyň hususy gurluşyk kärhanalary tarapyndan ýerine ýetirildi. Döwrebap desgalar paýtagtymyzyň bu künjegine aýratyn görk berip, olar ýurdumyzyň hususy düzümlerine özleriniň işewürlik maksatly işlerini alyp barmaga amatly mümkinçilikleri döredýär. Paýtagtymyzyň kaşaň “Garagum” myhmanhanasyna golaý çäkde ýerleşýän desgalaryň birmeňzeş nusgadaky taslamalary bitewi binagärlik sazlaşygyny emele getirýär.
Açylyş dabarasynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň esasynda hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbiniň tanalmaz derejede özgerendigini, şäheriň sebitiň iri medeni we işewürlik merkezi hökmünde öz ornuny barha pugtalandyrýandygyny bellediler. Täze açylan desgalara döwrümize mahsus atlar hem dakylypdyr. Olar “Nur bina gurluşyk”, “Bina nury”, “Ýakymly kümüş suwy”, “Türkmen bina gurluşyk”, “Ylham senagat”, “Nurly meýdan”, “Bagtyýar gurluşyk” binalarydyr. Desgalaryň birinji gaty söwda we hyzmat ulgamynda iş alyp barýan telekeçileriň garamagyna berlip, olarda dükanlar, hyzmat ediş bölümleri, garbanyşhanalar ýerleşýär. Bu ýerde garyşyk we belli bir ugra ýöriteleşen harytlaryň söwdasyny etmek, ilata hödürlenilýän dürli durmuş hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Binalaryň ýokarky gatlary telekeçiler üçin edara ediş ýerleri hökmünde ulanylar. Iş otaglarynda häzirki zaman tehnologik enjamlary ornaşdyrylyp, işewürlik duşuşyklaryny we dürli çäreleri geçirmek üçin-de ähli şertler döredilipdir.
Dabara gatnaşyjylar Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň üpjün edilmegi ugrunda durmuşa geçirýän giň gerimli işleri üçin hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdiler.