Düýn Litwada prezident saýlawynyň ikinji tapgyry geçirildi. Maglumatlara görä, ýurduň häzirki prezidenti Gitanas Naused 83,75 göterim ses alyp, bu wezipä gaýtadan saýlandy. 12-nji maýda geçirilen saýlawda dalaşgärleri hiç biri 50 göterimden köp ses alyp bilmändi. Şeýle bolansoň, saýlawyň ikinji tapgyry geçirildi. Nausedanyň bäsdeşi, ýurduň hökümet başlygy Ingrida Şimonite 14,83 göterim ses aldy. Şimonite saýlawdaky ýeňşi bilen bäsdeşi Nausedany gutlady. Nauseda ýene bäş ýyl ýurda ýolbaşçylyk eder. Ol saýlaw kampaniýasynda maşgalalara berilýän goldawyň artdyryljakdygyny aýdypdy. Onuň pikiriçe maşgalalara berilýän goldaw amatly ýaşaýyş jaý syýasatyna hem-de işçi güýji bazaryndaky düzgünleşdiriji elementlerine esaslanmaly.
Ýurtda 2,4 million töweregi saýlawçy bar. Saýlawyň birinji tapgyrynda Nauseda 44,81 göterim ses alypdy. Saýlawçylaryň 19,50 göterimi bolsa, Ingrida Şimonitä ses beripdi. Nauseda bilen Şimonite 2019-njy ýyldaky saýlawda hem bäsleşipdiler. Şonda Nauseda 66 göterim bilen Prezident wezipesine saýlanypdy. 2020-nji ýylda Şimonite hökümet başlygy wezipesine bellenipdi.