Geçen iki ýylyň dowamynda Fransiýada atmosferany gyzdyrýan ýyladyşhana gazlarynyň azalandygy mälim edildi. 2023-nji ýylda ýurtda howa goýberilen ýyladyşhana gazynyň möçberi 5,8 göterim azalypdyr. Ýurduň Daşky gurşaw ministrligi üçin howa bilen bagly maglumatlary taýýarlaýan CITEPA guramasy şeýle ýagdaýyň dowam etmegi netijedinde ýurduň daşky gurşaw bilen bagly maksatnamasyna ýetip biljekdigini mälim etdi.
Ýurtda geçen ýyl ýyladyşhana gazynyň azalyşy iň köp elektrik energiýasynyň önümçilik pudagynda hasaba alnypdyr. Ýurtda sarp edilýän elektrik energiýasynyň 65 göterimi atom energiýa beketlerinden üpjün edilýär. Ýurtda ýel we Gün beketlerinde alynýan energiýanyň mukdary bolsa geçen ýyl 14 göterim artypdyr. Bu bolsa, zyýanly gazlaryň howa goýberilişini ep-esli azaltmaga ýardam edipdir. Fransiýa geçen ýyl Germaniýadan soňra Ýewropa ýurtlarynda ýel energiýa önümçiliginde iň köp ösüş gazanan ýurt boldy.
Ýurtda senagat önümçiliginde zyýanly gazlaryň howa goýberilişi 9 göterim azalypdyr. Gurluşyk, ulag we awiasiýa pudaklarynda hem oňyn netijeler alnypdyr. Ýurtda geçen ýyl demir ýol arkaly gidip bolýan gysga aralyklara uçar gatnawy ýatyrylypdy. Bu bolsa, awiasiýa pudagynda howa goýberilýän gazlaryň 3,4 göterim azalmagyna getiripdir.
2018-2023-nji ýyllar aralygynda Fransiýanyň umumy emissiýasy 440 million tonna kömürturşy gazyndan 370 million tonna düşüpdir. Bu bolsa, howa goýberilýän zyýanly gazlaryň bäş ýylda 17 göterim azalandygyny aňladýar.
Fransiýa Ýewropa Ýaşyl ylalaşygyna laýyklykda, 2030-njy ýyla çenli ýyladyşhana gazlarynyň howa goýberilişini 1990-njy ýyldaky derejeden 50 göterim azaltmagy maksat edinýär.