Türkmenistan Özbegistanyň iň möhüm söwda hyzmatdaşlaryndan biridir we ýurduň daşary söwda harytlaryny günorta ugry boýunça beýleki ýurtlara daşamakda möhüm rol oýnaýar diýlip, Özbegistanyň Ulag ministrliginiň teswirinde aýdylýar.
Hususan-da, täjirçilik maksatlary üçin üçünji ýurda üstaşyr ýükleri iki ýurduň gara we demir ýollary bilen daşalýar.
Özbegistanyň Ulag ministrligi Türkmenistan bilen ýük daşamagyň mukdarynyň ýylsaýyn artýandygyny belleýär. 2024-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýük daşamagyň mukdary 400 müň tonnadan gowrak boldy.
Ulag we logistika pudagynyň Türkmen-özbek ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biridigini göz öňünde tutup, halkara ýük ulaglarynyň ýol arkaly ösmegine aýratyn üns berilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, Özbegistanyň Ulag ministrligi rugsatnama bermek we goşmaça alyş-çalyş etmek üçin kwotany köpeltmek, halkara ulaglary gatnawynda milli gatnawçylar üçin deň şertleri üpjün etmek arkaly ýük daşamagyň mukdaryny ýokarlandyrmak babatda Türkmenistanyň ygtyýarly edarasy bilen yzygiderli gepleşik geçirýär.
Ulag we logistika pudagyny ösdürmäge gönükdirilen bu tagallalar diňe bir iki ýurduň bähbidine däl, eýsem Merkezi Aziýa sebitinde söwda we ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösmegine itergi bolar diýlip, Özbegistanyň Ulag ministrliginiň teswirinde bellenilýär.