Ýene-de 2 hepde gowrak wagtdan başlanjak 17-nji Ýewropa çempionatynyň öňdebaryjy toparlaryndan Belgiýanyň ýygyndysy hem mälim boldy. Italiýaly tälimçi Domeniko Tedeska 25 futbolçyny düzüme aldy. UEFA-nyň ygtyýar berýäninden 1 oýunçy az edip sanawy düzen Tedeska “Real Madridiň” derwezeçisi Tibo Kurtuany topara çagyrmady. Mälim bolşy ýaly, Kurtua awgust aýynda şikes alyp, aprele çenli meýdança çykmandy. Tamamlanan möwsümde 12 gol geçiren “Fenerbahçe” toparynyň hüjümçisi Miçu Batşuaýi hem toparyň daşynda galdy. Belgiýanyň ýygyndysy “E” toparçada Slowakiýanyň, Rumyniýanyň hem-de Ukrainanyň ýygyndylary bilen duşuşar.

DERWEZEÇILER

Kun Kastels («Wolfsburg»), Mats Zels («Nottingam Forest»), Tomas Kaminski («Luton»);

GORAGÇYLAR

Timoti Kastan («Fulham»), Waut Fas («Lester»), Aksel Witsel («Atletiko»), Maksim de Keýper («K. Brýugge»), Toma Mene («Trabzonspor»), Zeno Debast, Ýan Wertongen (ikisem – «Anderleht»), Artur Teate («Renn»);

ÝARYMGORAGÇYLAR

Amadu Onana («Ewerton»), Ýannik Ferreýra Karrasko («Al-Şabab»), Aster Wranks («Wolfsburg»), Ýuri Tilemans («Aston Willa»), Orel Mangalýa («Nottingam Forest»), Kewin de Bruýne («Mançester Siti»), Artur Wermeren («Atletiko»);

HÜJÜMÇILER

Dodi Lukebakio («Sewilýa»), Žeremi Doku («Mançester Siti»), Loi Openda («RB Leipsig»), Leandro Trossar («Arsenal»), Şarl de Ketelare («Atalanta»), Ýohan Bakaýoko (PSW), Romelu Lukaku («Roma»).