Düýn – 29-njy maýda Madagaskarda deputatlaryň saýlawy geçirildi. Syýasy çäre üçin 28 müň 124 saýlaw uçastogy döredilipdir. Afrikadaky ada ýurdunda 11 million 631 müň saýlawçynyň bardygy habar berildi. Deputat bolmak üçin bäsleşýän 473 dalaşgäriň 163-isi 5 ýyl möhlet bilen saýlanýar.
Suratda: Madagaskaryň Prezidenti Andri Radzueline ses bermäge gatnaşýar.