«Bütindünýä welosiped güni» Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň aprel aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde esaslandyryldy. Onuň Kararnamasynyň awtordaşlary hökmünde 56 döwlet çykyş etdi. Bu Resminama iri gurama agza döwletleriň ählisi tarapyndan gyzgyn garşylandy. Häzirki wagtda dünýäniň ençeme döwletinde welosiped gününe bagyşlanyp dürli çäreler, welosipedli ýörişler guralýar, welosiped ýodalary açylýar.
Kararnamada bellenilişi ýaly, onda ösen we ösüp barýan döwletlerde welosiped sürmegi şäher we oba şertlerinde guramak we ösdürmek, şeýle-de ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, welosiped sürüjileriň sanyny köpeltmek, awtoulaglardan çykýan gazlaryň möçberini kemeltmek esasy wezipeler bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli başlangyçlary boýunça Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynda welosiped sportuny ösdürmek boýunça birnäçe toplumlaýyn maksatnamalary kabul edýär. Şeýle-de, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni ýokary derejede giňden bellenilýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda bu senäniň peýda bolmagy ýurdumyzyň bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge milli, sebit hem-de ählumumy möçberde jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmäge goşýan ägirt uly goşandynyň ýokary bahasynyň subutnamasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan öňdengörüjilikli döwlet strategiýasynyň netijesinde häzirki wagtda bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketi Türkmenistanda giň gerime eýe boldy. Welosiped sporty bilen meşgullanýan türkmenistanlylaryň sany ýylsaýyn artýar. Sportuň bu görnüşi, sözüň doly manysynda, ýurdumyzda täze galkynyşa eýe boldy. Sanlyja ýylyň dowamynda Türkmenistan welosipediň diňe bir sebitde däl, eýsem, halkara derejede wagyzçysyna öwrüldi. Ine, muňa anyk delilleriň käbiri:
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi;
2018-nji ýylda köpugurly «Aşgabat» stadionynda welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin tälim beriş sapagy geçirildi. Şol sapaga 3 müň 246 adam gatnaşdy we bu giň gerimli çäre Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi;
2019-njy ýylda Olimpiýa şäherçesinde «Iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş» geçirildi. Welosipedçileriň 2019-synyň gatnaşmagyndaky bu ýöriş Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi;
2020-nji ýylyň 3-nji iýunynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda «Welosiped» binasy açyldy;
2022-nji ýylyň 15-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnama kabul edildi.
Welosiped ulagyň ekologiýa taýdan arassa görnüşidir. Welosipedli gezelençler tutuş maşgala bolup boş wagtyňy netijeli geçirmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Welosipedde gezelenç etmek bedene kadaly agram salýar. Munuň özi bolsa adamyň bedeniniň möwsümleýin sowuklama we beýleki kesellere üstünlikli garşy durmagyny üpjün edýär.
Angliýanyň, Niderlandlaryň we Daniýanyň iri şäherlerinde welosiped giňden ulanylyp, gündelik durmuşda giňden peýdalanylýar. Welosiped köplenç 20 kilometrden uzak bolmadyk aralykda awtoulagyň ornuny tutýan esasy ulag serişdesi bolmagynda galýar.
Irki döwürlerde welosipediň peýda bolmagy bilen welosiped sporty hem döredi. Welosipedli ýaryşlar uly ýollarda, ýapyk we açyk welotreklerde geçirilýär. Ilkinji ýol welosiped ýaryşy 1868-nji ýylda Fransiýa bilen Angliýanyň arasynda geçirildi. ABŞ-da ilkinji welosiped ýaryşlary 1878-nji ýylda geçirildi. 1890-njy ýylda welosiped Ýewropada tomusky sportuň bir görnüşi hökmünde meşhur boldy. 1896-njy ýylda bolsa Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşuldy.
1900-nji ýylda Halkara welosipedçiler geňeşi (UCI) döredilip, sportuň bu görnüşiniň häzirki zaman düzgünlerini emele getirdi. Bu geňeş halkara ýaryşlaryň gözegçiligini amala aşyryp, welosiped rekordlaryny tassyklaýar we hasaba alýar.
Nepesdurdy HOJAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.