1-nji iýun – Çagalary goramagyň halkara güni. Bu mynasybetli ýurdumyzda dürli çäreler, sergiler, aýdym-sazly şowhunly dabaralar geçiriler. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreler, döredijilik, zehin bäsleşikleri, sport ýaryşlary guralar. 1-nji iýunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde yglan edilen «Biz – Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşiginiň jemlerini jemlemek we ýeňijilere baýraklary gowşurmak dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem iýun aýynda Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda çagalaryň tennis festiwaly geçiriler. Bu barada 24-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilip geçildi.
Aş­ga­ba­dyň ete­gin­dä­ki gö­zel Gök­de­re jül­ge­sin­de hem-de ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da ýer­leş­ýän ça­ga­lar sa­gal­dyş we dynç alyş mer­kez­le­rinde to­mus­ky dynç alyş gün­le­rin­de ýaş türk­me­nis­tan­ly­la­ry ka­bul et­mä­ge uly taý­ýar­lyk gör­ü­ldi. Ça­ga­lar sa­gal­dyş we dynç alyş mer­ke­zlerin­de taý­ýar­lyk iş­le­ri­niň aý­ra­tyn gu­ra­ma­çy­lyk­ly ýo­la goý­lan­dy­gy­ny bel­le­mek bo­lar. Bu sa­pa­ly me­kan­lar­da ça­ga­la­ryň ka­da­ly dynç al­mak­la­ry, dür­li ugur­lar bo­ýun­ça ze­hin­le­ri­ni ýü­ze çy­kar­mak­la­ry, zäh­met en­dik­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­mek­le­ri üçin äh­li şert­ler dö­re­di­lip­dir. Mer­kez­ler­de möw­sü­miň do­wa­myn­da ýaş ne­sil­le­ri hü­när­le­re ug­ruk­dyr­mak we dur­mu­şa taý­ýar­la­mak mak­sa­dy bi­len, hü­när hem-de aý­dym-saz gur­nak­la­ry he­re­ket eder. Ça­ga­la­ryň da­şa­ry ýurt dil­le­ri, komp­ýu­ter so­wat­ly­ly­gy bo­ýun­ça bi­lim­le­ri­ni art­dyr­mak, ýa­zy­jy-şa­hyr­lar, us­sat me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri bi­len du­şu­şyk­la­ry, döw­re­bap kär­ha­na­la­ra, te­bi­ga­ty­my­zyň gö­zel ýer­le­ri­ne, mu­zeý­le­re, ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­re ge­ze­lenç­le­ri­ni gu­ra­mak iş­le­ri hem göz öňün­de tu­tul­ýar. Şeý­le hem ça­ga­lar sa­gal­dyş we dynç alyş mer­ke­zin­de bar bo­lan döw­re­bap sport des­ga­la­ryn­da spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri, şol san­da mil­li oýun­lar bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ry, bäs­le­şik­le­ri yzy­gi­der­li ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Mun­dan baş­ga-da, to­mus­ky dynç alyş döw­ri gy­zyk­ly wa­ka­la­ra, tä­ze dost­lar bi­len şat­lyk­ly du­şu­şyk­la­ra baý bol­ýar. Mah­la­sy, bu bagt­ly ça­ga­ly­gyň ha­ky­ky, dür­li öwüş­gin­li we gy­zyk­ly dün­ýä­si­dir. To­mus pas­lyn­da ça­ga­lar sa­gal­dyş we dynç alyş mer­kez­le­rin­de iş­le­mek üçin tejribeli mu­gal­lym­lar we ter­bi­ýe­çi­ler, luk­man­lar we aş­pez­ler saý­la­nyp alyn­ýar. To­mus­ky dynç alyş ýer­le­ri­niň çäk­le­rin­de tür­gen­leş­di­riş zal­la­ry, ten­nis kort­la­ry, fut­bol, wo­leý­bol, bas­ket­bol ýa­ly sport oýun­la­ry­ny oý­na­mak üçin sport meý­dan­ça­la­ry ýer­leş­ýär. Mun­dan baş­ga-da, ýüz­mek bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ry ge­çir­mek üçin üs­ti ýa­pyk we açyk to­mus­ky ho­wuz­la­r bar.
Ça­ga­la­ryň dynç alyş mak­sat­na­ma­sy dür­li sport, aň we dö­re­di­ji­lik bäs­le­şik­le­ri­ni, ser­gi­le­ri özün­de jem­le­ýär. Dynç alyş mer­ke­zlerin­dä­ki to­mus­ky dynç alyş keý­pi­çag­ly­gy, be­genç we şat­lyk duý­gu­la­ry­ny, ýatda galyjy tä­sir­le­ri, tä­ze dost­la­ry wa­da ber­ýär. Ça­ga­la­ryň kö­pü­si wag­ty­ny şa­dy­ýan we ma­ny­ly ge­çir­mek üçin dynç alyş mer­kez­le­rin­de bo­lup, me­de­ni­ýet­li dynç al­ýar­lar. Bu ýer­de olar tä­ze dost­la­ry tutun­ýar­lar, dür­li oýun­dyr güý­men­je­ler bi­len meş­gul bol­ýar­lar. Dynç alyş we sa­gal­dyş mer­kez­le­ri­niň gu­ra­ýan çä­re­le­ri ça­ga­la­ryň dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­ma­gy­nyň iň go­wy usu­ly­dyr. Gy­zyk­ly çä­re­le­riň do­wa­myn­da ça­ga­lar to­par bo­lup iş­le­me­gi we her bir iş­de bi­rek-bi­re­gi gol­da­ma­gy öw­ren­ýär­ler. Bu ýer­de be­den we ru­hy taý­dan ber­kän ça­ga­lar tä­ze okuw ýy­lyn­da uly güýç bi­len mek­dep par­ta­la­ry­nyň ba­şy­na ge­çer­ler.

Ars­lan BAÝ­RAM­MY­RA­DOW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.