Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwretmek ugrunda, bagtyýar çagalarymyza döwrebap ylym-bilim bermekde degerli işler alnyp barylýar. Ösüşiň döwrebap tapgyrynda ýurdumyz durnukly ykdysady ösüşiň esasy wezipesi hökmünde bilim ulgamyny kämilleşdirmegi saýlap aldy. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaş hünärmenleri taýýarlamak babatda halkara hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berilýär.
Häzirki döwürde ösüşiň innowasion ugruny saýlap alan ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen ylmy-barlag we innowasion işlere has köp ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk köptaraplaýyn ugurda, hususan-da halkara guramalaryň çäginde hem işjeň ösdürilýär. Munda Birleşen Milletler Guramasynyň ÝUNESKO edarasy bilen amala aşyrylýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary aýratyn ähmiýete eýedir.
Ýurdumyz 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üstüni yzygiderli ýetirip gelýär. ÝUNESKO-nyň ylym-bilim ulgamyndaky köp sanly konwensiýalaryna goşulan ata Watanymyz mekdep okuwçylarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ylmy pikirlenmäniň ösmegine goşant goşýan bilelikdäki ylmy we bilim taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar.
Ýurdumyz ÝUNESKO-nyň ýene-de bir möhüm ylym-bilim taslamasy bolan «Assosirlenen mekdepleriniň toruna» goşuldy. Bu taslama 1953-nji ýylda ýola goýlup, onuň maksady başarmagy öwrenmek, ýaşamagy öwrenmek we bilelikde ýaşamagy öwrenmek üçin bilimiň ähmiýetini ýüze çykarmaga gönükdirilendir. Şeýle hem giň gerimli taslama toruna ýurdumyzyň 6 orta mekdebi – Aşgabat şäherindäki 140-njy orta mekdep, Kaka etrabyndaky 19-njy orta mekdep, Balkanabat şäherindäki 21-nji orta mekdep, Daşoguz şäherindäki 26-njy orta mekdep, Türkmenabat şäherindäki 30-njy orta mekdep, şeýle hem Mary şäherindäki 24-nji orta mekdep goşuldy.
Şeýle hem bu guramanyň çäklerinde ýokary bilim edaralarynyň arasynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň netijesinde, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýulýar. Mundan başga-da, ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedrasy döredildi. Bu hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ylym we bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna giňden goşulyşmagyna aýratyn şert we mümkinçilik döredýär.
Ýurdumyzda rus, iňlis, arap, ýapon, hytaý, nemes, fransuz, pars dillerini bilýän ýaşlaryň bardygyny bellemek gerek. Munuň özi ýaşlaryň dil öwrenmekde ukyplarynyň ýokarydygyny, dost-doganlyk hakyndaky oňat garaýyşlarynyň bardygyny alamatlandyrýar. Häzirki wagtda dil öwrenmek, dil bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirmek örän köp adamyň ünsüni çekýär.
Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Bulardan başga-da, bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar.
Tawus ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy.