Ýurdumyzyň daşary syýasat işinde dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ilerledilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Türkmen diplomatiýasynyň dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, sebit hem-de halkara gatnaşyklarynda özara düşünişmek we ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary dünýä derejesinde uly ähmiýete eýedir. Döwletimiziň daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynda diplomatik gullugyň üstüne örän jogapkärli wezipeler düşýär.
«Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022–2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, döwletimizde Aziýa–Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen gatnaşyklary has-da ösdürmäge uly ähmiýet berilýär.
Aziýa–Ýuwaş umman sebiti Aziýanyň döwletleriniň ýerleşýän, Ýuwaş ummanyň perimetrindäki we adalaryny öz içine alýan sebiti aňladýan syýasy we ykdysady adalgadyr. Bu sebite 58 döwlet degişlidir.
Sebitde Aziýa–Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlygy (APEC), Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň birleşmesi (ASEAN) we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy (ŞHG) ýaly iri halkara hem-de sebitleýin guramalar bar.
Sebitdäki iň uly şäherler Şanhaý, Jakarta, Gonkong, Singapur, Kuala-Lumpur, Taýpeý, Seul, Tokio, Sidneý, Melburn we beýlekiler. Şeýle hem sebitde Aziýanyň infrastruktura maýa goýum banky (AIIB) we Aziýanyň Ösüş Banky (ADB) ýaly iri maliýe guramalary hereket edýär.
Iň uly halkara ykdysady birleşigi bolan Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlygynyň (APEC) ýigrimi bir milli ykdysadyýeti halkara söwdasynyň 57 göterimini we jemi içerki önümiň 16 trillion dollaryny tutýar. 2030-njy ýyla çenli Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde jemi içerki önümiň ösüşiniň 70 göterime ýetmegine garaşylýar. Bu sebitiň ýurtlary ýokary tehnologiýalary iň uly import we eksport ediji ýurtlardyr.
Bu sebitiň esasy ýurtlary bolan Hytaý, Ýaponiýa, Malaýziýa we Koreýa Respublikasy ýaly ýurtlar bilen giň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.
Hytaý Halk Respublikasy häzirki döwürde ýurdumyzyň örän möhüm ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Türkmenistanda HHR bilen strategik gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. 2022-nji ýylda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenildi. Nebitgaz ulgamy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ulgamda eýýäm birnäçe iri taslama amala aşyryldy. 2009-njy ýylyň ahyrynda Türkmenistan–Hytaý strategik gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi munuň subutnamasydyr. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi deňhukuklylyga, özara artykmaçlyklara düşünmäge, gaz geçirijiniň işe başlamagy bilen açylan geljegi we mümkinçilikleri giňden görmäge esaslanan hakyky hyzmatdaşlygyň nyşany boldy.
Günüň dogýan ýurdy Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň gatnaşyklary has-da ösdürilýär. ITOСHU, «Sojitz», «Kawasaki Heavy Industries», «Mitsubishi», «JGС Сorporation», «Сhiyoda Сorporation» ýaly belli korporasiýalar we beýleki kompaniýalar ýurdumyz bilen has netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyzda Ýaponiýanyň 2050-nji ýyla çenli wodorody öndürmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalary, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini we kömürturşy gazyny peýdalanmagyň hasabyna 2030-njy ýyla çenli ýyladyşhana gazlarynyň çykarylyşyny azaltmak boýunça syýasaty üns berlip öwrenilýär. Häzirki wagtda bu ugurlara has uly üns berilýär.
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň gatnaşyklary uly üstünliklere beslenýär. Koreýanyň meşhur kompaniýalary ýurdumyzda amala aşyrylýan, halkara ähmiýetli düzümleýin iri taslamalara gatnaşýarlar. Olaryň hatarynda dünýäde iň iri ýataklaryň biri bolan «Galkynyş» käninde gazy gaýtadan işlemek boýunça türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny, şeýle hem häzirki wagtda ýurdumyzda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda köp sanly maýa goýum taslamasynyň hasaba alynmagyny görkezmek bolar. Gyýanlydaky polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurluşygy, ýol hereketiniň howpsuzlyk ulgamlaryny gurnamak hem-de konsultatiw hyzmat etmek üstünlikli tamamlanan bilelikdäki iri taslamalardyr. Bu Koreýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge uly gyzyklanmasyny görkezýär.
Umuman, Türkmenistan Aziýa–Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürýär.
Hajarbibi AŞYROWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.