Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda neşirýat ulgamy hem düýpli ösýär. Döwür bilen aýakdaş barýan ýurdumyzyň neşirýat ulgamynda ýetilýän sepgitler muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda çap edilýän islendik gazet-žurnallary diňe bir kagyz görnüşinde däl, eýsem, ykjam el telefonlaryň, ýan kompýuterleriň üsti bilen okamak, gündelik täzelikler bilen tanyşmak mümkin. Ýurdumyzda çap edilýän beýleki gazet-žurnallar bilen bir hatarda «Zaman-Türkmenistan» gazetiniň okyjylarynyň köpdügini aýratyn bellemek gerek. Çünki gazet sahypalarynda, elektron saýtlarynda diňe bir ýurdumyzdaky däl, eýsem, dünýädäki täzelikler giňden beýan edilýär. Gazetiň habarlar, dünýä täzelikleri, sport, sungat, syýahatçylyk, ykdysadyýet, edebiýat, tehnologiýa ýaly bölümlerinde gyzykly, manyly makalalary, täzelikleri okamak, tanyşmak mümkin. Şeýle hem gazetde peýdaly maslahatlar, çagalar üçin dürli oýunlar, krosswordlar, skanwordlar yzygiderli çap edilýär. Munuň özi her bir okyjynyň boş wagtyny gyzykly, mazmunly geçirmäge mümkinçilik berýär. Şu günler dowam edýän 2024-nji ýylyň II ýarym ýyllygy üçin abuna ýazylyşygyna Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň işgärleri, işjeň agzalary uly höwes bilen ýazylýarlar. Ähli watandaşlarymyzy «Zaman-Türkmenistan» gazetiniň elektron we çap edilýän görnüşine 2024-nji ýylyň II ýarym ýyllygy üçin abuna ýazylmaga çagyrýarys. Çünki gazetiň elektron we çap edilýän görnüşleri bilen wagtyňyz manyly, mazmunly we gyzykly geçer. 2024-nji ýylyň II ýarym ýyllygy üçin elektron abuna ýazylyşygyna el telefonlaryň üsti bilen hem abuna ýazylmak mümkin. Bu bolsa biziň her birimiziň wagtymyzy tygşytlamaga mümkinçilik berýär.
Gülhumar HOJAHMETOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.