28-nji maýda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky wekilhanasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew bilen hökümete degişli bolmadyk Human Rights Watch guramasynyň Ženewadaky edarasynyň müdiri Hilary Poweriň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşyk adam hukuklary çygrynyň häzirki zaman ugurlary boýunça geljekki hyzmatdaşlyk üçin taraplaryň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmagy maksat edinýär.
Duşuşygyň dowamynda özara gyzyklanma döredýän meseleler, şeýle hem ynsanperwer ugurda geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri we görnüşleri boýunça pikir alşyldy. Hyzmatdaşlygyň netijeliligini üpjün etmek maksady bilen taraplar Ženewanyň çäklerinde yzygiderli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ylalaşdylar.