Ilkinji üç dalaşgär Eýranda geçiriljek Prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin hasaba alyndy. Bu barada Eýranyň habar beriş serişdeleri habar berdi. Hususan-da, Eýranyň Demokratik partiýasynyň esaslandyryjysy Mustafa Kawakbiýan we mejlisiniň agzalary Muhammet Sabagian we Abbas Mogtadai öz dalaşgärligini hödürlediler.
Dalaşgärler hasaba alyş işleri tamamlandan soň, saýlaw maksatnamasynyň käbir ugurlary barada çykyş etdiler. Kawakbiyan, saýlanan halatynda ýurduň býudjetiniň nebit girdejilerine garaşlylygyny azaltmak niýetiniň bardygyny mälim etdi, Sabagiýan bolsa, Yslam Respublikasynyň syýasy we dolandyryş gurluşyny özgertmegi özüniň ileri tutýan ugurlarynyň biridigini mälim etdi.
Kawakbiýan geçen Prezident saýlawlarynda hem birnäçe gezek dalaşgär hökmünde hasaba alnypdy. Ýöne onuň dört gezek hödürlän dalaşgärliginiň üçüsi Konstitusiýanyň goragçylar geňeşi tarapyndan ret edilipdi. Beýleki iki dalaşgär ozal prezidentlige dalaş etmändiler.
30-njy maýda ýerli wagt bilen sagat 08.00-da, Eýranda 14-nji Prezident saýlawlaryna dalaşgärleri hasaba almak işleri başlanyp, 3-nji iýuna çenli dowam eder. 4-nji iýundan başlap, Konstitusiýanyň goragçylar geňeşi tarapyndan bir hepdäniň içinde dalaşgärleriň prezidentlige laýykdygy ýa-da ýokdugy kesgitlener. Dalaşgärleriň gutarnykly sanawy 11-nji iýunda mälim ediler.
Eýranda Prezident saýlawlary 28-nji iýunda geçiriler. Eger-de birinji tapgyrda hiç kim sesleriň köpüsini alyp başarmasa, 5-nji iýulda ikinji tapgyr geçiriler. Oňa birinji tapgyrda iň köp ses alan iki dalaşgär gatnaşar.
Ozal habar berlişi ýaly şu ýylyň 19-njy maýynda Eýranyň demirgazygynda ýurduň Prezidenti Ebrahim Raisini alyp barýan dikuçar heläkçilige uçrady. Şol pajygaly wakada Yslam Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň başlygy Huseýin Amir Abdollahian we ýurduň birnäçe hökümet işgärleri Raisiniň ýanyndady. Uçaryň ähli ýolagçylary we ekipažyň agzalary aradan çykdy. Eýranyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde Prezidentiň birinji orunbasary Muhammet Mohber, Eýranyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji wezipesine bolsa, ýurduň daşary syýasat edarasynyň başlygynyň orunbasary Ali Bageri Kani bellendi.
1979-njy ýyldan başlap, Eýran Yslam Respublikasy bolan bu ýurt 1935-nji ýyla çenli Persiýa diýlip atlandyrylýardy. Ýurduň paýtagty Tähran şäheridir. Eýran günbatarda Yrak, demirgazyk-günbatarda – Azerbaýjan, Ermenistan, Türkiýe, demirgazykda – Türkmenistan, gündogarda Owganystan we Pakistan bilen serhetleşýär. Eýran demirgazykda Hazar deňzi, günortada Hindi ummanynyň Pars we Oman aýlaglary bilen ýuwulýar. Häzirki wagtda Eýranda 88 milliondan gowrak ilat ýaşaýar.