Awstraliýanyň iň iri şäherleriniň biri bolan Sidneýde “Vivid Sydney” (Ýagty Sidneý) atly yşyk, aýdym-saz we ideýalar şüweleňi geçirilýär. Bu çäre her ýylyň maý aýynyň ahyrynda gurnalýar diýip, Sidneýiň “The Sydney Morning Herald” gazeti habar berýär.
Bu şüweleň şäheri yşyk bilen çekilen şekilleriň kendirine öwürýän döredijiligiň we innowasiýalaryň baýramy diýlip atlandyrylýar. Binalara, köprülere we suw giňişliklerine gönükdirilýän animasiýa yşyklary, esasan, gülleriň, haýwanlaryň, ertekilerdäki gahrymanlaryň täsin şekillerini we adaty adamlaryň durmuşyndan pursatlary emele getirýär. Artistler, gözbagçylar we köçe naharynyň aşpezleri açyk meýdanlarda we ýörite sahnalarda çykyş edýärler.
Şäheriň esasy özüne çekiji ýeri – portuň ugrunda ýerleşýän Sidneý opera teatry hereket edýän sungat eserine öwrülýär. Şüweleňiň esasy wakalarynyň biri meşhur suratkeşleriň tagallalary bilen haýran galdyryjy hyýaly dünýä öwrülýän Sidneýiň Korol botanika bagynda hem ýaýbaňlanar. Bu ýylky “Vivid Sydney” şüweleňi 17-nji iýuna çenli dowam eder.