Saud Arabystanynda adaty bolmadyk täze taslamanyň durmuşa geçirilişi görkezildi. Er-Riýaddan uzak bolmadyk ýerde “Akwarabiýa” akwaparkynyň gurluşyk işleri ýokary depginlerde alnyp barylýar. Bellenilişi ýaly, bu desga tutuş Ýakyn Gündogarda şuňa meňzeş iň iri desga bolar.
Akwaparkyň umumy eýeleýän meýdany 250 müň inedördül metre deň. Bu çäklerde 8 sany tematiki zolaklar ýerleşdiriler. Ýiti duýgulary başdan geçirmek isleýänler suw daglaryndan syrygyp düşüp bilerler, rahat dynç alşyň tarapdarlary bolsa daýwing (suwa bökmek) bilen meşgullanyp, ýa-da basseýnde ýüzüp bilerler. Akwaparkyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem serfing üçin emeli tolkundyr. Akwaparkyň gurluşygyny 2025-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär.