1-nji iýuldan başlap, Beýik Britaniýanyň awtoulag gurluşyk kompaniýasy “Bentley”-e Frank-Şteffen Wallizer ýolbaşçylyk eder. Ol bu kompaniýa awtoulaglaryň ösüşi boýunça ýokary wezipelerde 30 ýyl töweregi işlän ýeri bolan “Porsche”-den geçer diýip, “auto.ru” saýty ýazýar.
“Bentley”-iň ozalky başlygy Adrian Hollmark şu ýylyň mart aýynda “Aston Martin”-iň baş direktory wezipesini ýerine ýetirmek üçin kompaniýada gitdi. Häzirki wagtda “Bentley” öz kompaniýasynda uly özgerişlikleri geçirmegi meýilleşdirýär.