Dünýäde ilkinji talabalaýyk personal kompýuter hasaplanýan 1972-nji ýylyň Q1 kompýuteriniň seýrek nusgasy ABŞ-da “Heritage” auksionyna çykaryldy. Öz döwründen öňe giden bu ykjam kompýuter Londonda tötänleýin tapyldy. Ol ekran, klawiatura we printer bilen enjamlaşdyrylan bolup, hasaplaýyş tehnikasynyň taryhynda özboluşly enjamdyr.
“Özboluşly narynç ekranly we klawiaturaly bu täzeçil enjam öz döwründen has öňe giden dizaýnda forma bilen funksionallygyň ajaýyp utgaşmasyny görkezýär” diýip, auksion öýi belleýär.
Wagtyň käbir yzlarynyň duýulýandygyna garamazdan, Q1 abat görünýär. Ýöne onuň işleýändigine kepil geçilmeýär. Lotuň başlangyç bahasy 32 müň dollar.