2-nji iýunda Islandiýada geçirilen Prezident saýlawlarynda işewür Halla Tomasdottir sesleriň 34,3 göterimine eýe bolup, ýeňiş gazandy. Onuň iň ýakyn bäsdeşi, öňki Premýer-ministr Katrin Ýakobsdottir bolsa, 25,7 göterim sese eýe boldy. Üçünji orunda 15,5 göterim ses bilen Islandiýanyň Milli energetika edarasynyň baş müdiri Halla Hrund Logadottip gelýär. Saýlawlara gatnaşyk 78,83 göterime deň boldy.
Ikinji gezek Prezidentlige dalaş eden Tomasdottir, dört ýyllyk möhletinden soň işinden çekilen Gwýudni Torlasius Ýougannessonyň ýerine geçdi. Tomasdottir Islandiýa ýolbaşçylyk eden ikinji zenan bolar. 2024-nji ýylda iň ýokary wezipe üçin 12 adam bäsleşip, bu ýurduň taryhynda rekord derejedir.
Islandiýada saýlawlar bir tapgyrda geçirilýär we iň köp ses alan dalaşgär Prezidentlige saýlanýar. Islandiýanyň 35 ýaşa ýeten raýaty döwlet Baştutany bolup bilýär. Häzirki wagtda Ýewropanyň iň az ilatly bu ýurdunda 380 müň adam ýaşap, olaryň 250 müňden gowragynyň ses bermäge hukugy bar.