Mälim bolşy ýaly, golaýda Aşgabat şäherinde üstünlikli geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde paýtagtymyz Aşgabat «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi.
Şunuň bilen baglanyşykly şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda «Aşgabat — sport mümkinçilikleriniň we üstünlikleriniň şäheri» atly dabaraly çäre guraldy.
Dabaraly çärä ýurdumyzyň hökümet agzalary, daşary ýurtlaryň diplomatik we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, ýerli we daşary ýurtly habarçylar, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdy.
Dabara hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagynyň okalmagy bilen başlandy. “Sizi ýakynda Aşgabat şäherinde üstünlikli geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň degişli Çözgüdine laýyklykda, paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Baş şäherimize şeýle abraýly derejäniň berilmegi ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, raýatlarymyzyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmäge, bedenterbiýe we sport babatda halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga, bu ugurda halkara derejede tejribe alyşmaga, netijeli taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam eder” diýlip, Gutlag hatynda bellenilýär.
Soňra dabarada BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Dmitriý Şlapaçenko, Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi Wafo Niýatbekzoda, dürli ýaryşlarda ýeňiji bolan türkmen ýaşlary çykyş etdiler.

Mundan başga-da, dabaraly çäräniň dowamynda GDA-nyň Baş Sekretarynyň orunbasary Nurlan Seýtimow, Halkara Welosipedçiler Birleşiginiň baş direktory Amina Lanaýa, Halkara tennis federasiýasynyň prezidenti (HTF) Dewid Haggerti hem-de Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň baş direktory Husain Al-Musallam wideoýüzlenme bilen çykyş edip, Türkmenistanyň sport ulgamyndaky başlangyçlaryna ýokary baha berdiler. Şeýle hem daşary ýurtly abraýly sport guramalarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidentini, türkmen halkynyň Milli Liderini Türkmenistanyň başlangyçy bilen tutuş dünýäde geçirilýän 3-nji iýun – Bütindünýä welosiped güni bilen gutladylar.