31-nji maýda Ýozgat şäheriniň merkezi seýilgähinde Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy beýik türkmen şahyry we pelsepeçisi Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyny gurady.
Çärä Ýozgat şäher häkimliginiň we welaýatyň ýolbaşçylary, Türkiýäniň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we Türkiýede okaýan talyplar gatnaşdy.
Gül goýulşyk dabarasyndan soň Bozok uniwersitetiniň mejlisler zalynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi.
Maslahatyň işine Ýozgat welaýatynyň ýolbaşçysy Mehmet Ali Özkan, Ýozgat şäheriniň häkimi Kazym Arslan, Bozok uniwersitetiniň rektory Erwen Ýaşar, mugallymlar we talyplar gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler, türkmen pelsepeçisi we şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmeginiň we şahyryň 300 ýyllygynyň ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna goşulmagynyň Magtymguly Pyragynyň şahyrana mirasynyň dünýä medeniýeti üçin uly ähmiýete eýedigini tassyklaýar.
Çäräniň çäklerinde Bozok uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleriniň, Magtymguly Pyragynyň kitaplarynyň, türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.