Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, polipropileni, binýatlyk ýagy, şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polietilen gaplaryny we yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň telekeçilerine nah ýüplük we aşgarlanmadyk mata ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 469 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 33 million 878 müň manatdan gowrak bolan polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), float aýnasyny we ýüpek çig malyny satyn aldylar.