Türk ýazyjysy Jewdet Kylyçyň halk arasyndan toplan hekaýalar ýygyndysyndan.
Ýigit ony ýygnakda görüpdi. Gyzyň husny-jemaly erkini elinden alyp, ony halys kökeripdi. Ýygnak gutaran badyna ol gyza bile kofe içmegi teklip etdi. Gyz bütin ýygnagyň dowamynda ünsüni hiç hili çekmedik ýigidiň eden mürehedine diýseň geň galdy. Emma zenan näzikligini elden bermän, onuň çakylygyny kabul etdi. Olar tirkeşip, burçdaky çaklaňja çaýhananyň göze ýaramly howlusynda ýerleşdiler.
Ýigit şeýle bir tolgunýardy welin, ýürek gürsüldisinden ýaňa kelam agyz söz aýdyp bilenokdy. Onuň bu bolşy gyzyňam ynjalygyny gaçyrdy. Ol öz ýanyndan: “Men indi gaýdaýyn” diýmäge hyýallanyp otyrka, oglan ofisianty çagyrdy.
– Kyn görmän, duz getiräýseňiz! Kofä atmakçy…
Gapdaldaky stolda oturanlaram geň galyşyp seretdiler. Kofä duz atmak! Ýigit utançdan ýaňa burç ýaly gyzaranam bolsa, duzy öňündäki kofä atdy-da owurtlady. Gyz geň galyp:
– Işdäňiz-ä diýseň täsin eken! – diýdi.
Ýigit onuň sebäbini düşündirmäge başlady:
– Çaga wagtym deňziň kenarynda ýaşaýardyk. Mydama kenarda oýnar ýörerdim. Şonda deňziň duzly suwunyň özboluşly tagamy meniň çaga ruhuma ymykly siňipdir. Soň-soňlaram ol meniň iň halaýan tagamyma öwrüldi. Kofä duz atmagymam, ana, şol sebäpli. Duzly tagam aldygym, çagalygymy, deňziň kenaryndaky öýümizi, bagtyýar maşgalamyzy ýatlaýaryn. Ejem bilen kakam henizem şol ýerde – deňziň kenarynda ýaşaýar. Olary, öýümizi şeýle bir küýseýän weli…
Ýigidiň gözi çygjarypdy. Bu sözler gyza-da täsir edip, duýgy atyna atarypdy. Her bir sözi ýüreginiň jümmüşinden gaýdýan, öýüni, ene-atasyny küýseýän adam maşgalasyny söýýän, olary penalaýan bolmaly. Onuň maşgala babatdaky düşünjelerden ýüki ýetik bolmaly.
Onsoň gyzam dillenmän durup bilmedi… Onuňam maşgalasy, edil çagalygy ýaly, ho-ol, alysda gol bulap galypdy. Olam öz maşgalasy barada gürrüň berdi. Garasaý, ikiçäk söhbet diýseň gyzykly geçipdi. Aýdylan sözleriň bary süýjülige, mähremlige ýugrulandy. Onsoňam bu gürrüňdeşlik hekaýamyzyň ajaýyp başlangyjy bolupdy. Olar şondan soňam ençeme gezek duşuşdylar. Ahyrynda-da her bir gyzykly hekaýada bolşy ýaly, şa gyzy bilen şazada goş birikdirip, tä ömürleriniň soňky pursadyna çenli bagtly durmuşyň gujagynda ýaýnap ýaşadylar. Şa gyzy şazadasy üçin taýýarlan her bulgur kofesine bir çemçe duz atmagy asla ýadyndan çykarmady. Sebäbi onuň duzly kofäni halaýandygyny bilýärdi. Emma onuň söwer ýary kyrk ýyl döwran süreninden soň, bir gün ýurduny täzeledi. Ol soňky deminde ýatyrka mähriban aýalyna “Ölenimden soň oka!” diýip, bir hat goýupdy. Ol hatda şeýle sözler bardy: “Ezizim, ýeke tägim! Meni bagyşla! Bile geçiren bagtly günlerimiziň binýadyny ýalandan tutanym üçin ýazygymy geç! Ömrümde seniň öňüňde ýekeje gezek ýalan sözledim. Olam şol duzly kofeli wakada… Ilkinji duşuşan günümiz ýadyňa düşýärmi? Şonda kalbymda gopan harasat meni şeýle bir aldym-berdime salypdy weli, ofisiantdan nädip duz soranymam bilmändirin. Senem, daş-töweregimizdäkilerem seredip duransoň, yzyna gaýtaryp, şeker soramaga-da utandym. Onsoň, sözümiň yzyny bialaç ýalana syrykdyrmaly boldum. Ýöne şol ýalanyň söýgümiziň binýadyna öwrüljekdigi weli, ýatsam-tursam oýuma gelmezdi. Soň-soňlaram ençeme gezek saňa hakykaty aýtmaga synanyşdym. Emma her gezek çekinip, şol sözleri saňa ýetirmäge dilim barmady. Indi welin ýagty ýalançy bilen hoşlaşýaryn, hakykaty arkaýyn boýun alyp biljek. Çynymy aýtsam, men duzly kofäni halamok. Ol sadagasy gitdigimi keşdiň çekip içer ýaly däl ahyryn. Emma seni tanan günümden bäri şol aňryňy bäriňe getirýän ýakymsyz tagamy içip geldim. Ýöne onuň üçin zerre ýalyjagam ökünemok. Seniň bilen döwran sürmek maňa bagtdan ýeten iň uly paýdy. Şol bagtyň sebäpkäri bolan duzly kofä-de men diýseň minnetdar! Bu dünýä ýene bir gezek gelsem, hiç zady üýtgetmezden ýaşardym, seni gaýtadan tanap, ömrümi bile geçirerdim. Şol ikinji gelşimde ömürboýy duzly kofe içmäge mejbur bolsamam…”
Garry aýalyň gözünden syrygyp gaýdan damjalar haty mazaly ezipdi. Bir gün şol duzly kofe hakda gürrüň açylyp: “Duzly kofäniň tagamy nähilikä?” diýip soranlarynda, onuň gözleriniň owasy biygtyýar ýaşdan dolupdy.
– Örän lezzetli! Örän lezzetli!
Terjime eden
Ahmet MELÄÝEW.