Ýyl­gyn­ly­de­pe ar­heo­lo­gi­ýa ýa­dy­gär­li­gi Ahal we­la­ýa­ty­nyň Al­tyn asyr et­ra­by­nyň Mä­ne oba­sy­nyň go­la­ýyn­da, Al­tyn­de­pe­den 6 km gün­do­gar-gü­nor­ta­da ýer­leş­ýär. On dört gek­ta­ra go­laý meý­da­ny bo­lan bu ýa­dy­gär­lik b.e.öň­ki V-IV müň­ýyl­lyk­la­ra de­giş­li diý­lip se­ne­len­ýär. Ir­ki eke­ran­çy­lyk me­de­ni­ýe­ti­ne de­giş­li bu ga­dy­my ýer­de al­ty ýa­rym, ýe­di müň ýy­la go­laý mun­dan ozal mal­dar­çy­lyk, eke­ran­çy­lyk hem-de aw­çy­lyk bi­len meş­gul­la­ny­lyp­dyr. Şeý­le-de, olar jaý gur­mak, çe­per önüm­le­ri ön­dür­mek ýa­ly me­de­ni ösüş­le­re ýe­tip­dir­ler.
Soň­ky ýyl­lar­da bu ýa­dy­gär­lik­de al­nyp bar­lan bar­lag iş­le­ri tä­ze açyş­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na müm­kin­çi­lik­ dö­ret­di. 2014-nji ýy­lyň güýz­ki möw­sü­mi has hem şow­ly bol­dy. Ýyl­gyn­ly­de­pede al­nyp ba­ryl­ýan ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­rinde bäş met­re go­laý çuň­luk­da 100 inedördül metr­den gow­rak meý­da­nyň üs­ti açy­lan­da b.e. öň­ki IV müň­ýyl­ly­ga de­giş­li kü­lal­çy­lyk us­sa­ha­na­sy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Giň eý­wan­ly we bir­nä­çe otag­dan yba­rat ýö­ri­te­leş­di­ri­len us­sa­ha­na­nyň dün­ýä­dä­ki dö­wür­deş baş­ga bir ýa­dy­gär­lik­ler­den şu ça­ka çen­li hiç bir ýer­de ýü­ze çy­ka­ryl­man­dy­gy­ny na­za­ra ala­nyň­da bu wa­ka uly yl­my açyşdyr.
Us­sa­ha­na­nyň meý­dan­ça­syn­dan ýüz­ler­çe heý­kel­ji­giň, ik­baş­la­ryň we beý­le­ki zat­la­ryň ga­lyn­dy­la­ry­nyň ta­pyl­ma­gy, şeý­le hem us­sa­la­ryň to­ýun­dan, çig ker­piç­den ýa­sa­lan otur­gyç­la­ry­nyň, am­ma­ryň, oja­gyň we tä­sin na­gyş­ly kür­si­niň ýü­ze çy­ka­ryl­ma­gy ga­dy­my hü­när­ment­le­riň gün­de­lik işi, aň-dü­şün­je­le­ri, şol döw­rüň jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy ha­kyn­da pi­kir ýö­ret­mä­ge esas dö­red­ýär. Şeý­le ýö­ri­te­leş­di­ri­len us­sa­ha­na eneo­lit ýa-da «mis — daş eý­ýa­my» döwründe Gü­nor­ta Türk­me­nis­tan­da eý­ýäm ösen jem­gy­ýet­çi­lik gur­luş­ly ýa­şa­ýyş mes­gen­le­ri­niň bo­lan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar. Se­bä­bi bu tä­sin açyş Ýyl­gyn­ly­de­pe­de ýa­şan ga­dy­my ila­tyň zäh­met bö­lü­ni­şi­gi, hu­su­sy eýe­çi­lik, jem­gy­ýet­çi­lik iş do­la­ny­şy­gy­ny gu­ra­mak ýa­ly ösen dü­şün­je­ler­den ha­bar­ly bo­lan­dy­gy­ny yk­rar ed­ýär. Şeý­le hem ta­pyn­dy­lar­da we jaý­la­ryň iç­ki di­war­la­ryn­da reňk­le­riň, dür­li be­zeg iş­le­ri­niň nus­ga­la­ry­nyň sak­la­nyp gal­ma­gy ýyl­gyn­ly­de­pe­li us­sa­la­ryň we ýa­şaý­jy­la­ryň dün­ýä­niň gö­zel­li­gi ba­ra­da­ky çe­per pi­kir­len­me­le­ri­niň be­ýa­ny ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry bi­ze ýe­tir­ýär.