Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri we Hy­taý BRICS to­pa­ry­nyň çä­gin­de hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek­çi. Bu ba­ra­da BAE-niň Pre­zi­den­ti Şeýh Mo­ham­med bin Za­ýed Al Na­haý­ýa­nyň Pe­ki­ne eden sa­pa­ryn­da ka­bul edi­len iki ýur­duň bi­le­lik­dä­ki be­ýa­natyn­da bel­le­nil­ýär.
«Iki ta­rap hem bir­le­şi­giň ag­za­la­ry­nyň göz­le­ýän mak­sat­la­ry­na we is­leg­le­ri­ne ýet­mek üçin BRICS to­pa­ry­nyň için­de hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek is­le­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­dy» diý­lip, res­mi­na­ma­da bel­le­nil­ýär. Bu ba­ra­da emir­li­giň ha­bar­lar gul­lu­gy WAM mä­lim et­di.
30-njy maý­da Pe­kin­de BAE-niň Pre­zi­den­ti Şeýh Mo­ham­med bin Za­ýed Al Na­haý­ýan bi­len Hy­ta­ýyň Baş­ly­gy Si Szin­pi­niň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di. WAM-yň ha­bar ber­şi ýa­ly, iki ýur­duň ýol­baş­çy­la­ry «hem­me­ta­rap­la­ýyn stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­me­giň ýol­la­ry» ba­ra­da pi­kir alyş­dy­lar.
2023-nji ýy­lyň aw­gust aýyn­da BRICS to­pa­ry­na al­ty sa­ny tä­ze ag­za ça­gy­ryl­dy. Bäş tä­ze ag­za – Mü­sür, Eý­ran, BAE, Sa­ud Ara­bys­ta­ny we Efio­pi­ýa 1-nji ýan­war­da Rus­si­ýa­nyň baş­lyk­ly­gyn­da BRICS-de işe baş­la­dy.