(Baş­lan­gy­jy gazetimiziň ge­çen sa­nyn­da).
yg­ry­ýet äle­min­de be­lent şah­sy­ýet Ke­rim ha­ly­pa­myz öz şä­girt­le­ri­ni, ha­ly­pa­la­ry­ny “ýüz gö­rüp, ga­pyr­ga sy­ryp” öw­mä­ge hiç ma­ha­lam il­ge­zek adam däl­di. Onuň “… köp şa­hyr­lar… Ga­ra Se­ýit­li­ýew­den öw­ren­di­ler” diý­me­si­niň aňyr­syn­da şa­hy­ryň şyg­ry­ýe­ti­mi­ziň öňün­dä­ki şeý­le abyr­syz hyz­mat­la­ry ýa­tyr. Şu eder­men­lik­le­riň ýe­ke­je­si­ni ama­la aşy­ran şa­hy­ry­ňam ede­bi­ýa­ty­myz­da mü­di­mi­lik gal­ma­ga ha­ky bar­dyr.
Ikin­ji ja­han ur­şu­nyň yz ýan­la­ry Ga­ra aga­ny şeý­le uly ede­bi eder­men­lik­le­re ite­ren ha­dy­sa­lar bar. Ze­hin­li şa­hyr uly uruş­da ýe­ňen hal­kyň keý­pi­çag­ly­gy­ny kö­ne ül­ňü­ler­de be­ýan et­me­giň mak­sa­da­la­ýyk däl­di­gi­ni in­çe duý­gu­sy bi­len aňyp­dyr. Ga­ly­ber­se-de, ur­şuň öň ýan­la­ryn­da­ky aň-bi­li­me, so­wat­ly­ly­ga be­ýik ym­ty­lyş jeň ta­mam­la­nan ba­dy­na ýe­ne-de uly joş­gun bi­len gal­ky­nyp­dyr. Ila­tyň tu­tuş­ly­gy­na so­wat­ly­ly­gy bi­ziň şol za­man­da­ky be­ýik ga­za­nan­la­ry­my­zyň bi­ri­dir.
Siz şa­hy­ryň “Lä­le­den py­ýa­la­lar”, “Aş­ga­bat”, “Pa­ra­hat ýa­şa­syn, halk­la­ryň ba­ry”, “Ýaş­lyk aý­dy­my”, “Kol­ho­zyň gü­li”, “Azat il­ler oý­na­ýar”, “Hal­kym”, “Iň gö­zel gül” ýa­ly en­çe­me aja­ýyp goş­gu­la­ry­ny ýe­ne-de bir ge­zek dyk­gat bi­len okap gö­rüň! Ha­ly­pa şa­hy­ry­myz Ber­di­na­zar Hu­daý­na­za­ro­wyň ju­da ýü­re­ge ýa­kyn bel­leý­şi ýa­ly, “Kal­by­my­za ir­ki ba­har­da­ky ki­min keý­pi­hon joş­gun ara­la­şar, dün­ýä, çar tö­we­rek bir­hi­li ha­sam nur­la­nan ýa­ly bo­lar, ýü­re­gi­mi­ze re­him-şe­pa­gat inip, yn­sa­by­ňyz dur­la­nar”.
Siz Ga­ra şa­hy­ryň eg­sil­mez bagt­dan, şa­dy-hor­ram­lyk­dan ýa­ňa çog­jak-çog­jak bo­lup du­ran:

Atyr saç­ýar Aş­ga­ba­dyň bag­la­ry,
Ba­har çyk­saň, gun­ça­la­ra seý­ra­na.

Her gü­nüň ýü­zün­de bir tä­ze­lik bar,
Gül yş­kyn­da şat bil­bil­ler oý­na­ýar.

Ag­şam­lar aý yş­ky­na gur­la­wuk­lar gur­la­dy,
Sä­her­ler gün yş­ky­na gök­ler gü­lüp gür­le­di.

Gyz­la­ryň – gül ba­gyň gy­zyl lä­le­si,
Gü­len­de gül leb­ler gül dek açy­lar.

Di­ri­lik ýe­li­dir sä­her şe­ma­lyň,
Goý­nuň­da göz açan gar­ry­lyk bil­mez.

Ha­ly­çy gö­zel­leň gyz ke­reş­me­si,
Gül dek gö­wün­le­ri açar Aş­ga­bat.

– ýa­ly, ýüz­ler­çe aja­ýyp goş­gy se­tir­le­ri­ni oka­ny­ňyz­da, Ber­di­na­zar ha­ly­pa­nyň dürs aýd­ýan­dy­gy­na göz ýe­ti­rer­si­ňiz.
Ha­ky­ky şa­hy­ra­na şy­gyr kal­byň keý­pi­niň be­ýa­ny­dyr. Şa­hy­ryň şo­ny ýa­zyp otyr­ka ru­hy ah­wa­la­ty nä­hi­li bol­sa, goş­gy­nyň ma­ny, ma­ňyz ýü­ki hem şo­ňa gö­rä­räk­dir. Şu öl­çeg bi­len Ga­ra şa­hy­ryň is­len­dik goş­gu­sy­ny oka­sa­ňam, tä­sin duý­gy­ny baş­dan ge­çir­ýär­siň.
Şa­hy­ryň söý­gi hak­da­ky goş­gu­la­ry bi­ziň nus­ga­wy şyg­ry­ýe­ti­mi­ziň äheň­le­ri­niň şu gün­ki do­wa­my bo­lup ýaň­lan­ýar. Şun­da-da, Ga­ra şa­hyr tä­ze for­ma­la­ry, tä­ze-ter pi­kir­le­ri goş­ga şeý­le bir ök­de­lik bi­len gi­riz­ýär we­lin, şyg­ry­ýet “tü­ýü­niň tä­ze­le­ni­şi­ne” haý­ran­lar gal­ýar­syň. Is­len­dik şa­hy­ryň is­len­dik goş­gu­sy onuň öz sy­ry­dyr. Syr bol­sa he­mi­şe iň­ňän se­re­sap­lyk bi­len açyl­ýan­dyr. Bu ýag­da­ýy aý­ra­tyn-da, Ga­ra şa­hy­ryň yş­ky-li­ri­ka­syn­da has aý­dyň syn­lap bol­ýar. Onuň yş­ky-li­ri­ki goş­gu­la­ry kal­byň çu­ňun­dan çyk­ýan­ly­gy, iç­ki me­de­ni­ýe­ti, tä­sin duý­gu­la­ryň çe­per be­ýa­ny­dy­gy bi­len aý­ra­tyn ta­pa­wut­lan­ýar. Şa­hy­ryň li­ri­ki “me­ni” gö­nü­mel, mer­dem­si hem iň­ňän se­re­sap­ly. Ga­ra aga şeý­le şy­gyr­la­ry ýa­zan­da-da, köp­çü­li­giň öňün­de okan­da-da iň­ňän se­re­sap­ly adam eken.
1962-nji ýy­lyň güýz aý­la­ry­nyň bir gü­nü­di. Biz – Mag­tym­gu­ly (şol wagt­ky M. Gor­kiý) adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň 3-nji ýyl ta­lyp­la­ry Gur­ban­na­zar Ezi­zow, Gow­şut Şa­my­ýew, Ho­ja­ne­pes Me­lä­ýew da­gy­ bolup, şa­hyr Ga­ra Se­ýit­li­ýew bi­len du­şu­şyk gu­ra­ma­gy mu­gal­ly­my­myz, şa­hyr Ru­hy Aly­ýew­den ha­ýyş et­dik. Ol iki­si­niň dost­du­gy­ny bil­ýär­dik. Ara­dan üç-dört gün geç­män­kä, Ga­ra şa­hyr myh­man­çy­ly­ga gel­di. Uni­wer­si­te­tiň uly za­ly oky­jy­lar­dan ýa­ňa hyň ber­ýär. Ag­şa­my Ru­hy Aly­ýew alyp bar­ýar­dy.
Ga­ra aga tas sa­gat ýa­rym da­gy he­zil edip goş­gy oka­dy. En­çe­me ge­zek el çar­pyl­dy. Ag­şa­myň ahyr­la­ryn­da ta­lyp­la­ryň bi­ri “Göz­le­riň” at­ly goş­gu­sy­ny okap ber­me­gi şa­hyr­dan ha­ýyş et­di. Ga­ra şa­hyr baş­ga bir goş­gy oka­dy-da, syr­ly­ja ýyl­gy­ryp goý­ber­di. El çar­py­şyk tä­ze­den möwç ur­dy. Her ýer­räk­den “Göz­le­ri­ňi” oka­ýyň-da!” diý­len ha­ýyş­lar ýaň­lan­dy. Ga­ra şa­hyr Ru­hy Aly­ýe­wiň gu­la­gy­na birzat­la­ry py­şyr­dap aýt­dy. Zal­da el çar­py­şyk kö­şeş­me­di. Ahy­ram şa­hyr baş­ga bir goş­gu­sy­ny la­byz bi­len oka­dy-da, bi­ziň bi­len hoş­laş­dy.
Er­te­si gü­ni biz Ru­hy Aly­ýew­den Ga­ra şa­hy­ryň nä se­bä­be gö­rä “Göz­le­ri­ňi” oka­mak is­le­män­di­gi­ni so­ra­dyk.
Ga­ra aga mu­gal­ly­my­my­za: “Ru­hy, gör­ýäň-ä, öň ha­tar­da öz gy­zym ýa­ly gyz-ge­lin­ler otyr­lar. Ola­ryň ýa­nyn­da: “Ýat­dan çyk­maz ag­lap ba­kan göz­le­riň, Ýe­tim di­ýip na­la çe­ken göz­le­riň” di­ýip, na­lap dur­sam, bir­hi­li bol­maz­my?” di­ýip, mu­gal­ly­my­my­za jo­gap be­rip­dir.
Gör, nä­hi­li be­lent şa­hy­ra­na me­de­ni­ýet­li­lik!

Ke­be­lek­ler ga­na­tyn­da
Ge­ti­rip­dir hal­lar sa­ňa.

Ag­şa­myň şa­pa­gy sö­nük gö­rü­ner,
Sä­he­riň şa­pa­gy ýa­ňa­gyň se­niň.

Al­ky­myň­dan atyr ysy bark urar,
Gü­la­byň gaý­ma­gy do­da­gyň se­niň.

Gö­zü­ňe deň gel­mez göz py­ýa­la­sy,
Söý­düm se­ni öz oba­myň lä­le­si.

Se­niň röw­şen göz­le­riň göz­le­rim­de sak­lan­syn,
“Ga­ra sa­ňa aşyk” di­ýip, goý çak­lan­sa, çak­lan­syn!

Siz bu se­tir­ler­dä­ki anyk pi­ki­riň iň­ňän usul­ly­lyk bi­len aý­dy­ly­şy­na üns be­riň: şeý­dip di­ňe de­pe­sin­den da­ba­ny­na çen­li mil­li ruh­ly, mil­li me­de­ni­ýet­li türk­men şa­hy­ry aý­dyp bi­ler.
Uly şa­hyr bi­len iň soň­ky ýüz­be-ýüz du­şu­şy­gym şu gün­ki ýa­ly ýa­dym­da.
1969-njy ýy­lyň ýan­wa­ryn­da Amy­der­ýa­nyň su­wy jo­şup, Türk­me­na­bat (şol ma­hal­ky Çär­jew) şä­he­ri­niň bir bö­le­gi­ni, Fa­rap et­ra­by­ny suw al­dy. Le­bap­ly­la­ra gys­sag­ly kö­mek ber­mek üçin Hö­kü­met dü­zü­mi tas­syk­la­nyl­dy. Ýur­du­my­zyň dür­li şä­her­le­rin­den, oba­la­ryn­dan, goň­şy döw­let­ler­den le­bap­ly­la­ra dost­luk gol­la­ry uza­dy.
Şol ma­hal­lar men hä­zir­ki “Nesil” (şol ma­hal­ky “Ýaş kom­mu­nist”) ga­ze­tin­de baş re­dak­to­ryň orun­ba­sa­ry bo­lup iş­le­ýär­dim. Suw joş­gu­ny­nyň er­te­si gü­ni şol wagt­ky “So­wet Türk­me­nis­ta­ny” (hä­zir­ki “Türk­me­nis­tan”) ga­ze­ti­niň iş­gä­ri Ju­ma Nu­ry­ýew, “Mu­gal­lym­lar ga­ze­ti­niň” iş­gä­ri Gur­ban­my­rat Ora­zow üçi­mi­zi Mi­nistr­ler So­we­ti­ne ça­gy­ryp, we­la­ýa­ta gi­dip, Fa­ra­byň et­rap ga­ze­ti­ni çy­kar­ma­ga kö­mek­leş­me­gi tab­şyr­dy­lar.
Fa­ra­byň et­rap ga­ze­ti­niň re­dak­to­ry, ha­ly­pa žur­na­list, uruş we­te­ra­ny Ab­dy Ta­ga­now so­wat­ly, ala­da­çyl, işeň­ňir adam eken. Gün­le­riň bi­rin­de Ab­dy aga Hö­kü­met dü­zü­mi­niň ha­ta­ryn­da şa­hyr Ga­ra Se­ýit­li­ýe­wiň hem şä­he­re ge­len­di­gi­ni, ga­zet üçin goş­gy ýaz­ma­gy wa­da eden­di­gi­ni aýt­dy. Ara­dan iki-üç gün ge­çen­den so­ňam go­laý­jak­da ýer­leş­ýän myh­man­ha­na gi­dip, şa­hyr­dan şol goş­gy­ny alyp gel­me­gi ma­ňa tab­şyr­dy.
Ir bi­len ho­wa diý­seň so­wuk­dy, ýer­de ga­lyň gar ýü­zü­ni çaň­jar­dyp ýa­tyr­dy. Myh­man­ha­na ba­ram­da, ga­lyň pal­to­ly, lo­wur­dap du­ran sur­ ba­ga­na tel­pek­li Ga­ra şa­hy­ryň myh­man­ha­na­nyň öňün­dä­ki ýo­da­jyk­da ge­zim edip ýö­ren­di­gi­ne gö­züm düş­di. Go­la­ýy­na ba­ryp, çe­ki­nib­räk sa­lam ber­dim. Ol ha­çan­dyr bir­wagt­lar gö­ren keş­bi­ni ýat­la­mak­çy bol­ýan ýa­ly, ýü­zü­me ýi­ti-ýi­ti se­ret­di. Men ta­nyş­lyk ber­dim hem-de Fa­rap et­rap ga­ze­ti­ni ça­pa taý­ýar­la­ma­ga kö­me­ge ge­len­di­gi­mi­zi aýt­dym.
Ga­ra şa­hyr bu sö­zü­me ça­ga ýa­ly be­gen­di hem-de ýüz-keş­bi­ni ha­sam mä­hir­len­di­rip:
– Go­wy iş ed­ýä­ňiz, ýag­şy ýi­git. Il-gü­nüň ba­şy­na iş dü­şen­de öýüň­de otu­ryp bol­maz-a. Yn­ha, me­nem Ga­ra­kö­le git­mek üçin ma­şy­na ga­ra­şyp du­run. Ho­wa­nyň ýag­da­ýy­ny bi­le­ýin di­ýip, bi­raz ir­räk çy­kyp­dym. Ta­nyş­dyk, bul-a ke­mem bol­ma­dy – diý­di.
Men Gur­ban­na­zar Ezi­zow bi­len bäş ýyl­lap bi­le­je okan­ly­gy­my, hä­zi­rem dos­ta­na gat­na­şyk­da­dy­gy­my, özü­mi­ňem dö­re­di­ji­lik bi­len az-kem meş­gul­lan­ýan­dy­gy­my, 1964-nji ýyl­da ça­ga­lar üçin “Tä­sin dok­tor” at­ly goş­gu­lar ki­tap­ça­myň çap edi­len­di­gi­ni aýt­dym.
Ga­ra şa­hyr keý­pi­hon­lyk bi­len ýyl­gyr­dy-da:
– Gur­ban­na­zar dos­tuň-a zor şa­hyr bo­lup ýe­tiş­jek. On­dan ta­ma­myz ga­ty uly. Siz wag­tyn­da go­wy okuw­la­ry oka­dy­ňyz. So­wat­ly hem ýaz­ma­ly­sy­ňyz – diý­di.
– Ga­ra aga, bi­ziň ga­ze­ti­miz üçin goş­gy ýaz­ma­gy Ab­dy aga wa­da be­ren eke­ni­ňiz – diý­dim. Şa­hyr:
– Bir goş­gu­jyg-a tas­la­dy­mam, taý­ýar edem­de, özüm­jik elin el­tip gaý­da­ryn – diý­di.
– Jaň et­se­ňiz, özü­mi­zem ge­lip alar­dyk-la. Si­zi aza­ra go­ýup bol­maz-a.
Ga­ra şa­hyr çyn­la­kaý sy­pa­ta gi­rip, şeý­le diý­di:
– Heý-de, aza­ry bor­my onu­ňam. Ýa­zan goş­gy­ňy re­dak­si­ýa elt­me­gi­ňem öz lez­ze­ti bar ahy­ryn. “Çap eder­ler­mi­kä, et­mez­ler­mi­kä” di­ýip, tol­gun­ýa­ňam-a. Me­nem tol­gu­nyp gö­re­ýin-ä!
Ol bu söz­le­ri şeý­le bir kal­ba ýa­kyn edip aýt­dy we­lin, in­di her ge­zek re­dak­si­ýa­la­ra ýaz­gy­la­ry­my el­tem­de, Ga­ra şa­hyr ýa­dy­ma düş­ýär.
Ara­dan bir-iki gün ge­çen­den soň, Ga­ra şa­hyr “Ýa­şa­syn, do­gan­lyk ebe­di par­lap” at­ly goş­gu­sy­ny re­dak­si­ýa elin­je ge­ti­rip gi­dip­dir. Bu goş­gy hem şa­hy­ryň “Adam we dün­ýä” goş­gu­lar top­lu­my­nyň bir bö­le­gi eken. Ol Fa­ra­byň “Okt­ýab­ryň ýal­ky­my” et­rap ga­ze­ti­niň 1969-njy ýy­lyň 30-njy ýan­wa­ryn­da­ky 13-nji sa­nyn­da çap edil­di. Suw joş­gu­ny ýa­ly, ga­la­gop­ly dö­wür­de ýa­zy­lan­ly­gy­na ga­ra­maz­dan, şu­ja­gaz goş­gu­da-da Ga­ra şa­hy­ryň kä­mil ze­hi­ni­niň yzy gö­rün­ýän­dir. Bu goş­gy­nyň soň­ra hiç bir ne­şir­de çap edil­män­di­gi üçin, ony şu ýaz­gy­la­rym­da do­ly ge­tir­me­gi ma­kul bil­dim.

ÝA­ŞA­SYN DO­GAN­LYK EBE­DI PAR­LAP!
Adam­dyr dün­ýä­niň be­ýik döw­le­ti,
Adam­dyr dün­ýä­niň be­ýik gud­ra­ty.
Adam­dyr dün­ýä­niň tü­ken­mez gen­ji,
Adam­dyr döw­le­tiň güý­ji, gu­wan­jy.
Hem­me zat dü­ze­ler, sag bol­sa adam,
Adam­lar ýa­şa­sa, ge­rek­dir za­dam.
Zat git­se ta­py­lar, adam ta­pyl­maz,
Adam­lar sag bol­sa, iş ýer­de gal­maz.
Iner­ler sag bol­sa, ýük ýer­de gal­maz,
Tog­ta­maz dur­mu­şyň be­ýik ker­we­ni.
Söý­gü­li Fa­ra­bym, eşit sen me­ni.
Dä­li Jeý­hun se­ni et­se-de ha­rap,
Gal­kar­syň ýe­ne-de, tä­ze­den par­lap,
Fa­ra­byň ba­şy­na iş dü­şen gi­je,
Kö­me­ge ýe­ti­şen öz­bek do­gan­lar,
Sag bo­luň, siz, yn­san ýü­rek do­gan­lar!
Unu­dyl­maz bu do­gan­lyk hiç ha­çan.
Daş­ken­diň ba­şy­na iş dü­şen gi­je
Uku­dan oýa­nyp, Daş­ken­de uçan
Fa­rap­ly, gö­zün­de gu­wanç ýaş­la­ry.
Ýag­şy­ly­ga ýag­şy­lyk eden bar ýol­daş­la­ra
Sag bol­sun aýd­ýa­rys, gyz­gyn gu­jak­lap.
Ýaş­lar bu do­gan­lyk ebe­di par­lap!
Ga­ra­köl­de her maş­ga­la, her ojak,
Fa­rap­ly do­gan­na giň gu­jak aç­dy.
Ga­ra­köl­de her maş­ga­la, her ojak,
Fa­rap­ly do­ga­na giň sa­çak aç­dy.
Ga­ra­köl­de her maş­ga­la, her ojak,
Ka­bul et­sin, min­net­dar­lyk sa­la­mym,
Ne­neň men gu­wa­nyp ta­ryp et­mä­ýin,
Ka­bul et­sin, min­net­dar­lyk sa­la­mym,
Do­gan­lyk­dan dö­rän be­ýik döw­le­tim,
Ka­bul et­sin, min­net­dar­lyk sa­la­mym,
Bag­ty­ýar Wa­ta­nym – kuw­wat ga­na­tym.

Adat­ça, be­ýik ýa­zy­jy-şa­hyr­lar öz eser­le­ri­niň be­lent de­re­je­sin­dä­ki oky­jy­ny hem ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­ýär­ler. Soň­ra şol oky­jy­la­ryň duý­gy-dü­şün­je­le­ri jem­gy­ýet­çi­lik aňy­nyň de­re­je­si­ni aň­lad­ýan­dyr.
Her bir ýa­zy­jy­nyň hal­kyň öňün­dä­ki be­lent hyz­mat­la­ry­nyň de­re­je­si onuň il-gü­ne gal­dy­ran dö­re­di­ji­lik mi­ra­sy­nyň go­ru­nyň güý­ji bi­len kes­git­le­nil­ýär. Bu ba­bat­da Ga­ra Se­ýit­li­ýew bagt­ly yk­bal­ly adam eken. Onuň Wa­ta­ny, il-gü­ni, ene top­ra­gy, ada­my söý­me­gi tüýs ýü­rek­den ün­de­ýän aja­ýyp şyg­ry­ýe­ti bu gün Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk za­ma­na­sy­na hyz­mat ed­ýär. Öz döw­rü­ňe, gel­jek­ki ne­sil­le­ri­ňe hyz­mat et­mek bol­sa, her bir dö­re­di­ji adam üçin be­lent hem ju­da bagt­ly yk­bal­dyr.
…Kä­te­ler hoş­tap ho­wa­ly dynç alyş gün­le­rin­de ak mer­mer paý­tag­ty­my­zyň mer­ke­zi­niň iň gö­zel ýe­rin­de Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň be­lent yh­la­sy, taý­syz ala­da­sy bi­len gur­lan “Yl­ham” se­ýil­gä­hi­ne ge­ze­len­je çyk­ýa­ryn. Bu aja­ýyp se­ýil­gäh­de ak sa­kal­ly go­ja­lar, nu­ra­na ýüz­li ene­ler, toý ly­bas­ly, kalp­la­ry hy­juw­dan do­ly ýaş­lar be­lent şah­sy­ýet­le­riň nu­ra­na keşp­le­ri­ni syn­lap, do­ýup bi­le­nok­lar.
Go­ja ta­ry­hy­my­zyň ir­ki asyr­la­ryn­da ýa­şap, dö­re­dip ge­çen be­ýik şah­sy­ýet­le­ri­mi­ziň ha­ta­ryn­da di­ri­lik­de ýüz­be-ýüz bo­l­şan Ber­di Ker­ba­ba­ýew, Be­ki Seý­tä­kow, Ga­ra Se­ýit­li­ýew, Ke­rim Gur­ban­ne­pe­sow, Gur­ban­na­zar Ezi­zow, Ýyl­gaý Dur­dy­ýew… da­gy­nyň nu­ra­na keşp­li heý­kel­le­ri­ni gö­rüp, ola­ryň di­ri­lik­dä­ki yk­bal­la­ry­nyň aja­ýyp dö­re­di­ji­lik yk­bal­la­ryn­da do­wam ed­ýän­di­gi­ne göz ýe­ti­re­niň­de, kal­by­ňa az-kem yn­ja­lyk ara­laş­ýar. Ine, hut şu­lam ola­ryň di­ri­lik­de mer­da­na hal­ky­my­zyň öňün­de bi­ti­ren be­lent hyz­mat­la­ry­nyň ba­ky ha­ty­ra­lan­jak­dy­gy­nyň aý­dyň ala­ma­ty­dyr.

Hu­daý­ber­di Di­wan­gu­ly­ýew,
Türk­me­nis­ta­nyň halk ýa­zy­jy­sy.