UEFA-nyň klub de­re­je­li bi­rin­ji ýa­ry­şyn­da Çem­pi­on­lar Li­ga­sy ady bi­len 32-nji, umu­my­lyk­da-da 69-njy möw­sü­miň çem­pio­ny bel­li bol­dy. Lon­don­da­ky «Wemb­ley» sta­dio­nyn­da ge­çi­ri­len fi­nal­da Ger­ma­ni­ýa­nyň «Bo­rus­si­ýa Dort­mund» to­pa­ry bi­len Is­pa­ni­ýa­nyň «Re­al Mad­rid» to­pa­ry du­şuş­dy. Slo­we­ni­ýa­ly Slaw­ko Win­çi­çiň emin­lik eden oý­nu­na jan­kö­ýer­le­riň 86 müň 212-si gat­naş­dy.

Du­şu­şy­ga ne­mes klu­by «Bo­rus­si­ýa Dort­mund» er­jel gi­riş­di. Hat­da olar 1-nji ýa­rym­da «Re­al­dan» has köp pur­sat dö­ret­me­gi ba­şar­dy. Ade­ýe­mi, Füllk­rug ýa­ly fut­bol­çy­lar howp­ly pur­sat­lar­dan peý­da­la­nyp bil­me­di­ler. Du­şu­şy­gyň 2-nji ýa­ry­my­nyň baş­la­ryn­da-da ne­mes klu­by ar­tyk­maç­lyk gör­kez­se-de, ol ha­sa­ba tä­sir et­me­di. Oý­nuň 72-nji mi­nu­tyn­da tä­lim­çi Ter­ziç du­şu­şy­gyň şol wag­ta çen­li esa­sy ýyl­dyz­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Ade­ýe­mini çy­ka­ryp, or­nu­na Mar­ko Roý­sy meý­dan­ça çy­kar­dy. Şon­dan soň «Re­al Mad­rid» to­pa­ry­na az­da-kän­de ar­ka­ýyn hü­jüm et­mek pur­sady dö­re­di we 74-nji mi­nut­da Ade­ýe­mi­niň gar­şy­sy­na oý­na­ýan Da­ni­el Kar­wa­hal To­ni Kroo­suň burç­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ren ur­gu­syn­da to­py kel­le­si bi­len der­we­zä gi­riz­di. Bu gol­dan 9 mi­nut soň, has ta­ky­gy, 83-nji mi­nut­da go­rag­çy­la­ryň ýal­ňyş­ly­gyn­dan peý­da­la­nan is­pan klu­by ha­sa­by 2–0-a çy­kar­dy. Şol pur­sat­da Wi­ni­si­us Ju­ni­or ta­pa­wut­la­nyp, ol UÇL-niň fi­nal oýun­la­ry­nyň 2-sin­de gol ge­çi­ren il­kin­ji bra­zi­li­ýa­ly fut­bol­çy bol­dy. Oý­nuň ahyr­la­ryn­da Füllk­ru­gyň ge­çi­ren go­ly of­saýt se­bäp­li ha­sa­ba alyn­ma­dy. Şun­luk­da, «Re­al Mad­rid» 2–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nyp, 15-nji ge­zek UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­nyň ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­di (1956, 1957, 1958, 1959, 1960, 1966, 1998, 2000, 2002, 2014, 2016, 2017, 2018, 2022, 2024). 2-nji ýer­dä­ki «Mi­lan­dan» 8 ku­bok köp ga­za­nan «Re­al Mad­rid» ýa­ry­şyň ady UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­sy bo­la­nyn­dan bä­ri ýe­ke sa­par hem fi­nal­da ýe­ňil­me­di. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, is­pan to­pa­ry 9 ge­zek fi­na­la çy­kyp, 9-syn­da hem gar­şy­daş­la­ryn­dan üs­tün çyk­ma­gy ba­şar­dy. «Re­al Mad­rid» ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek ýeň­liş­siz bu ku­bo­gy ga­zan­ma­gyň höt­de­sin­den gel­di. «Re­al Mad­rid» bu ku­bo­gy ýeň­liş­siz ga­za­nan 12-nji klub hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. An­çe­lot­ti­niň şä­girt­le­ri 13 oý­nuň 9-syn­da ýe­ňiş ga­za­nyp, 4-sin­de deň­me-deň oý­na­dy­lar. «Re­al Mad­rid» fi­nal oýun­la­ryn­da şu wag­ta çen­li di­ňe 1 ge­zek gol ge­çi­rip bil­me­di (1981, «Li­wer­pul» 1–0). Şol san­da di­ňe bir fi­nal­da bir­den köp gol ge­çirt­di (1964, «In­ter» 3–1).
«Re­al Mad­rid» to­pa­ry ta­ry­hyn­da 5-nji ge­zek bir möw­süm­de hem «La Li­ga­nyň», hem-de Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­nyň çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy (1957, 1958, 2017, 2022, 2024).
To­pa­ryň ita­li­ýa­ly tä­lim­çi­si Kar­lo An­çe­lot­ti 5-nji ge­zek (2-si «Mi­lan­da» — 2003, 2007), 3-si «Re­alda» — 2014, 2022, 2024) UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­nyň ku­bo­gy­ny ga­zan­dy. Bu ugur­da Bob Preýs­li, Zi­ne­din Zi­dan, Pep Gu­ar­dio­la da­gy 3 ku­bok bi­len ikin­ji­li­gi paý­laş­ýar­lar.
10-njy iýun­da 65 ýaşy dolýan ita­li­ýa­ly An­çe­lot­ti tä­lim­çi­lik kar­ýe­ra­syn­da­ky 29-njy ku­bo­gy­ny ýo­ka­ry gal­dyrdy. Şo­la­ryň 13-si «Re­al Mad­rid­de» bo­lup, tej­ri­be­li hü­när­men ýe­ne bir ku­bok al­sa, to­pa­ryň ro­wa­ýa­ty tä­lim­çisi Mi­gel Mu­ni­os bi­len deň­le­şer. An­çe­lot­ti fut­bol­çy­lyk ýyl­la­ryn­da-da 2 ge­zek bu ýa­ryş­da ýe­ňi­ji bo­lup, ol je­mi 7 ku­bok bi­len sa­na­wyň ba­şy­ny çek­ýär. An­çe­lot­ti UEFA-nyň ýa­ryş­la­ryn­da­ky 10-njy ku­bo­gy­ny ga­za­nyp, bu ba­bat­da-da bi­rin­ji orun­da bar­ýar. Gu­ar­dio­la, Fer­gu­son, Tra­pat­to­ni da­gy­nyň 7 ku­bo­gy bar.
Lu­ka Mod­riç, To­ni Kroos, Da­ni Kar­wa­hal hem-de Na­ço Her­nan­des bu ku­bo­gy 6-njy ge­zek ga­za­nyp, to­pa­ryň ir­ki dö­wür­le­ri­niň ýyl­dy­zy Pab­lo Hen­to­nyň re­kor­dy­na şä­rik bol­du­lar.
Is­pan klub­la­ry UÇL-de 20-nji ge­zek çem­pi­on­lyk ga­za­nyp («Re­al Mad­rid» — 15, «Bar­se­lo­na» — 5), 2-nji iň­lis­ler (15), 3-nji ital­ýan­lar (12) bi­len ara­ny ep-es­li aç­dy.
Is­pan klub­la­ry UEFA-nyň ýa­ryş­la­ryn­da soň­ky ge­zek 2001-nji ýyl­da ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. Şon­dan bä­ri is­pan klub­la­ry­ fi­na­la çy­kan 19 du­şu­şy­gyn­da ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Soň­ky sa­par 2001-nji ýyl­da Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da «Wa­len­si­ýa» «Ba­wa­ri­ýa­dan» utu­lyp­dy. Ýew­ro­pa Li­ga­syn­da-da «Ala­wes» «Li­wer­pul­dan» as­gyn ge­lip­di.
«Re­al Mad­ri­diň» der­we­ze­çi­si Ti­bo Kur­tua şu möw­süm­de Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da il­kin­ji ge­zek meý­dan­ça çyk­dy. Ol Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da bir möw­süm­de il­kin­ji du­şu­şy­gy fi­nal oý­ny bo­lan 2-nji oýun­çy hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. Il­kin­ji­si «çel­si­li» Ra­ýan Bert­ran bo­lup­dy (2011/12).
«Bo­rus­si­ýa Dort­mund» 1997-nji ýyl­da ku­bo­gy ga­za­na­nyn­dan soň «Wemb­ley»-dä­ki 2 fi­nal­da, 2013-nji ýyl­da «Ba­wa­ri­ýa­dan», 2024-nji ýyl­da «Re­al Mad­rid­den» as­gyn gel­di.

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­sy­nyň fi­na­ly – 01.06.2024
«BO­RUS­SI­ÝA DORT­MUND»: Ko­bel – Rýuer­son, Hum­mels, Şlot­ter­bek, Ma­at­sen – Em­re Jan (k) (Mal­len 80), Sa­bit­ser – San­ço (Bi­noe-Git­tens 87), Brandt (Hal­ler 80), Ade­ýe­mi (Roýs 72) – Füllk­rug; Tä­lim­çi: Edin Ter­ziç
«RE­AL MAD­RID»: Ka­sil­ýas – Kar­wa­hal, Rü­di­ger, Na­ço (k), Men­di – Kroos (Mod­riç 85), Ka­ma­win­ga, Bel­lin­gam (Ho­se­lu 85), Wal­wer­de – Wi­ni­si­us Ju­ni­or (Lu­kas Was­kes 90+4), Rod­ri­go (Eder Mi­li­tao 90); Tä­lim­çi: Kar­lo An­çe­lot­ti
GOL­LAR: Kar­wa­hal 74, Ju­ni­or 83
DU­ŞU­ŞY­GYŇ GAH­RY­MA­NY: Da­ni Kar­wa­hal («Re­al Mad­rid»)
EMIN: Slaw­ko Win­çiç (Slo­we­ni­ýa)
STA­DI­ON: «Wemb­ley» – Lon­don (Ang­li­ýa)
TO­MA­ŞA­ÇY: 86 212