4-nji iýunda Daşkentde «Merkezi Aziýa – Hytaý» analitik merkezleriniň dördünji forumy geçirildi. Onuň mowzugy: “Umumy abadançylyga we durnukly ösüşe barýan ýolda özara peýdaly hyzmatdaşlyk”. Bu çäre, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategiki we sebitara barlaglar instituty, Hytaý Sosial ylymlar akademiýasynyň Russiýa, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa instituty bilen bilelikde guraldy. Çärede Hytaýyň Sosial ylymlar akademiýasynyň baş sekretary Çžao Çžimin çykyş edip, forumyň Hytaý bilen Özbegistan, Gazagystan, Türkmenistan, Täjigistan we Gyrgyzystan ýaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde möhüm ornunyň bardygyny aýtdy.
– Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň oňyn depgini 2023-nji ýylda ykdysady ösüşe sebäp boldy. Hytaý bilen sebit ýurtlarynyň arasyndaky söwdanyň mukdary 30% töweregi ösdi — diýip, Çžao Çžimin öz çykyşynda belledi. Şol bir wagtyň özünde, Çžao Çžimin köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin birnäçe möhüm ugurlaryň hatarynda ykdysadyýet, sanlylaşdyrma, ylym we bilim ýaly ugurlary görkezdi.
Bu çärä 20-ä golaý öňdebaryjy gözleg we seljeriş merkeziniň 40-dan gowrak ýolbaşçysy we bilermeni, HHR-iň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Özbegistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.
Içerki sebit haryt dolanyşygy 11 milliard dollar artdy
Soňky bäş ýylda Merkezi Aziýadaky içerki sebit haryt dolanyşygy 11 milliard dollara çenli artdy diýip, Gazagystanyň söwda ministri Arman Şakkaliýew Söwda syýasaty boýunça ikinji Merkezi Aziýa forumynda habar berdi. Çäre Bütindünýä Söwda Guramasy we Aziýa Ösüş Banky, Halkara Söwda merkezi hem-de Gazagystanyň Hökümeti tarapyndan guraldy. Gazagystan Respublikasynyň söwda ministriniň birinji orunbasary Aýžan Bižanowa soňky ýigrimi ýylda sebitiň jemi içerki önüminiň durnukly ýyllyk 6,2 göterim ösüş görkezendigini we 350 milliard dollardan geçendigini belledi.