Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň halkalary Eýfel diňiniň günorta tarapyna berkidildi. Bu barada “M24.ru” saýty habar berdi. Bu halkalar Oýunlara 50 gün galanda oturdyldy. Polatdan ýasalan nyşanyň ini 29, beýikligi bolsa, 13 metre deň.
2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Týerri Rebulyň sözlerine görä, şeýle halkalar Olimpiýa oýunlarynyň esasy nyşanlarynyň biridir.
-Şonuň üçin biziň bu halkalary Parižiň iň görnükli ýeri bolan Eýfel diňinde berkitmegimiz tebigy ýagdaýdyr – diýip, Týerri Rebul nygtady.
Tomusky Olimpiýa oýunlary şu ýylyň 26-njy iýulyndan 11-nji awgustyna çenli aralykda Parižde geçiriler.