Adamsypat robotlar ýakyn bäş ýylda adam zähmetiniň ornuny tutar. Bu baradaky pikiri hytaýly hünärmenler öňe sürýärler diýip, “24KZ” web saýty habar berýär.
Bu tehnologiýanyň ulag, kompýuter we elekronika ýygnalýan fabrikler ýaly önümçilik pudaklarynda giňden peýdalanylmagyna garaşylýar. Sebäbi bu pudakda işleriň 90 göterime golaýy el güýji bilen berjaý edilýär. Şeýle hem robotlar gündelik işlerde, mysal üçin, içerini arassalamakda, nahar bişirmekde hem gündelik işleri aňsatlaşdyryp biler.
Bilermenleriň çaklamalaryna görä, 2030-njy ýylda adamsypat robotlaryň bazarynyň möçberi 280 milliard dollara ýetip, munuň 20 göterime golaýy Hytaýa degişli bolar.