Dünýäniň 7 sany wokzaly hem-de metro stansiýasy «Prix Versailles» baýraklaryna mynasyp boldy. Bu baýraklar 2015-nji ýyldan bäri ÝUNESKO tarapyndan dürli ugurlardaky binagärlik desgalaryna berilýär. Ýeňijilere baýrak gowşurmak dabarasy halkara guramanyň Pariždäki merkezinde geçirildi. Baýrak berlende, binagärlik dizaýny, täzeçillik, şäheriň binagärlik aýratynlyklary bilen sazlaşyk, ýolagçylara hödürlenýän ýeňillik we daşky gurşaw ýaly ugurlara baha berlipdir.
Halkara emin agzalary tarapyndan saýlanan wokzallaryň ählisi deň derejedäki baýrak bilen sylaglanýar. Bu wokzallaryň üçüsine dekabr aýynda geçiriljek dabarada aýratynlykda dürli ugurlarda baýraklar gowşurylar.
Sanawdaky ünsi özüne çekýän ýerleriň biri Italiýanyň Napoli şäherindäki Monte Sant’Angelo metro bekedidir. Geçen ýyl açylan stansiýanyň taslamasyny meşhur binagär Aniş Kapur taýýarlapdyr. Taslama taýýarlananda, italýan ýazyjysy Dante Alegýeriniň eserinden ylham alnypdyr. Ýeriň 48 metr astyndaky bekediň goýy reňkli diwarlary we adaty bolmadyk şekili Wezuwiz wulkanyny, gowagy we antik Kum siwillasy rowaýatyny ýada salýar.
Italiýanyň paýtagty Rimdäki Kolizeý metro bekedi taryhy äheňdäki bezegi bilen sanawa giripdir. Ýerasty bekediň ýörite açyk goýlan ýerinden taryhy Kolizeý arenasy görünýär.
Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinden iki beket sanawa giripdir. Şäheriň Günbatar wokzaly ýurduň çöllük tebigaty bilen sazlaşykly edilip gurlupdyr. Binanyň alaňlary ýada salýan giň üçegi hem-de owadan saýawanlary bar.
Sanawa giren Awstraliýanyň Melburn şäherindäki «Town Hall Station» bekedi ýeriň astyndaky giň we kaşaň ýolagçy zaly bilen tapawutlanýar.
Fransiýanyň Lion şäherindäki Par-Dýo wokzaly hem dünýäniň iň owadan beketleriniň sanawyna girizilipdir. Ýewropanyň iň köp adamly wokzallarynyň biri bolan Par-Dýonyň meýdany artýan ýolagçylaryň islegini kanagatlandyrmak üçin iki esse giňeldilipdir.
Sanawdaky ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherindäki «LAX/Metro Transit Center» bekediniň heýkeli ýada salýan üçegi howa akymyny geçirip, binanyň içini salkyn saklamaga ýardam edýär. Üçekde ýerleşdirilen Gün panelleri bolsa, sarp edilýän elektrik energiýasynyň ýarysyny üpjün edýär.
Arzuw Saparow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF








