Formula 1 boýunça möwsümiň 6-njy bäsleşigi Kanadanyň Monreal şäherinde geçirildi. Žill Willnýow adyndaky trassada geçirilen 70 aýlawdan ybarat bolan ýaryşda “Red Bull” toparynyň niderland sürüjisi Maks Werstappen ýeňiş gazandy. Ol ýaryşy 1 sagat 45 minut 47,927 sekuntda tamamlap, möwsümdäki 6-njy, karýerasyndaky 60-njy ýeňşini baýram etdi.
Ýaryşda 2-3-4-nji orunlary britaniýaly pilotlar eýelediler. Ýeňijiden 3,879 sekunt yza galan “McLaren” toparynyň sürüjisi Lando Norris 2-nji, ilkinji hatardan başlan “Mercedes” toparynyň sürüjisi Jorj Rassell 3-nji, şeýle-de onuň topardaşy Lýuwis Hamilton 4-nji orna mynasyp boldy. “McLaren” toparynyň beýleki sürüjisi, awstraliýaly Oskar Piastriniň 5-nji bolan ýaryşynda “Aston Martin” toparynyň wekilleri – ispaniýaly Fernando Alonso bilen kanadaly Lans Stroll 6-7-nji ýerleri eýelediler.
“Ferrari” toparynyň sürüjileri Şarl Lekler bilen Karlos Saýns Junior, “Williams” toparynyň pilotlary Aleksander Albon bilen Logan Saržent hem-de “Red Bull” toparynyň sürüjisi Serhio Peres dürli sebäplere görä, ýaryşy tamamlap bilmediler.
Sürüjileriň sanawynda Maks Werstappen utugyny 194-e ýetirip, birinjiligini saklap gelýär. 2-nji ýerdäki Lekleriň 134, 3-nji orundaky Norrisiň 131 utugy bar. Möwsümiň 10-njy ýaryşy 23-nji iýunda Ispaniýanyň Montmelo şäherindäki Barselona-Katalunýa trassasynda geçiriler.