Her ýeriň geografik aýratynlyklaryna görä, ol ýerde dürli hili jandarlardyr ösümlikler ýaşaýar. Braziliýanyň San-Paulo şäherinde üýtgeşik miweleriň biri ýetişýär. Jabutikaba (latynça: Myrciaria caulifloria) atly miwe göni agajyň öz göwresinden we iri şahalaryndan çykýar. Muňa kaulifloriýa diýlip, kakao, hurma, çörek agajy, jekfrut we beýleki tropik ýerlerde ýetişýän agaçlar degişlidir. Tebigy ýagdaýda ösýän ösümligi medeni ösümlik hökmünde ekýärler. Bu agajyň dürli görnüşlerini Braziliýanyň günorta sebitlerinde, Boliwiýada, Paragwaýda, Argentinanyň demirgazygynda, Urugwaýda, Panamada, Kubada we Filippinlerde hem ösdürip ýetişdirýärler. Ol dürli dillerde dürlüçe atlandyrylyp, käýerlerde brazil üzüm agajy (Brazilian Grape Tree) hem diýilýär. Jabutikaba Braziliýada ýaşaýan tupi halkynyň dilinde “gunça miwesi” diýmegi aňladýar. Onuň ýapraklary 7 santimetre barabar bolup, gyşyna düşmeýär. Agaç çyglylygy we güneşli howany talap edýär. Onuň boýy 10 metre çenli bolup, göwresiniň diametri 40 santimetre ýetýär. Ýaz paslynda gül açýar we miwe berýär. Her miwesinde bir tohumy bolýar. Tagamy ajy kakýan miwesinden mürepbe, miwe suwy, sirke we beýleki azyk önümleri taýýarlanylýar. Jabutikabany ösdürip ýetişdirmekde meşhurlyk gazanan Braziliýanyň Sabara şäherinde her ýylda oňa bagyşlanan şüweleň geçirilýär.
Jabutikabanyň düzüminde demir, fosfor, B we C witaminleri bolup, iýmit siňdirişi aňsatlaşdyrýar. Onuň üýtgeşik reňki guşlary özüne maýyl edýär. Agajyň şahasyndan taýýarlanan çaý hem dürli kesellere melhem bolýar. XIX asyryň ahyrynda Rio-de-Žaneýro baran italýanlar bu miwäni örän gowy görüpdirler we ony ýaýradypdyrlar. Agajy sapmak arkaly has ir hasyl alyp bolýar. Mazaly bişen miwesi örän süýji bolýar.