Islendik ösümlik we jandar tebigatyň gözelliginiň artmagyna, onuň dowamlylygyna öz goşandyny goşýar. Ýer ýüzünde ýaşaýşyň dowam etmegi üçin iň zerur zatlaryň biri bolan tokaýlaryň köpelmegine ýa-da olaryň azalmagynyň öňüni almaga belkalar uly goşant goşýarlar. Dünýäniň dürli ýerlerinde belkalaryň birnäçe görnüşi bolup, adatça olar tokaýlarda we ulurak seýilgählerde ýaşaýarlar. Bu enaýyja jandarlar wagtynyň köp bölegini agajyň üstünde geçirýär. Belkalaryň boýy 18-25 sm, guýrugy 14–20 sm aralygynda bolýar. Belkalar 10 ýyla çenli ýaşaýar. Beýleki käbir jandarlar ýaly gyş ukusyna gitmeýän hem bolsalar, aşa sowuk howada uzak wagtlap uklaýarlar. Olar, adatça iýmitlenmek we aw etmek üçin gündizine daşary çykýarlar. Dik agaja dyrmaşyp bilýän belkalar çalasynlygy bilen tapawutlanýar. 3 aýlykdan kiçi wagty alnan ýagdaýynda olary eldekileşdirip bolýar we adam bilen çalt öwrenişýär. Ýewropanyň Islandiýadan başga ähli ýerinde, Aziýa ýurtlarynyň köpüsinde we Amerikada tebigy ýagdaýda ýaşaýar. Belkalar agaçlaryň guran şahalarynda, haçjalarynda, daşdeşeniň deşen köweklerinde özlerine öýjagaz ýasanýarlar. Ululygy 30-40 sm bolan öýleriniň agzy aşakda bolýar. Onuň içine ot düşäp, özleri üçin rahat şert döredýärler. 7 ýyla çenli ýaşaýan belkalar pürli agaçlaryň tohumlary, arça gozalary, tokaýda ýetişýän ir-iýmişler, kömelekler, agajyň ýaş gabyklary, mör-möjekler bilen iýmitlenýärler. Olaryň iň esasy aýratynlygy bolsa, tokaýlardaky agaçlaryň köpelmegine goşýan goşantlarydyr. Belkalar öz toplan iýmitlerini, ýagny hoz, pisse we agaçlaryň tohumlaryny beýleki jandarlardan bukmak üçin ony ýere gömýärler. Wagtyň geçmegi bilen, üsti ýaprak bilen örtülen bu tohumlaryň köpüsini onuň özi hem tapmaýar. Soňra ýatdan çykan bu tohumlar gögerýär. Hut şu häsiýeti sebäpli dünýäniň köp ýerinde olar agaçlary köpeltmek üçin tokaýa goýberilýär.